Palestinanyň hökümedi Ysraýylyň meçew bermeleri barada beýannama berdi

Palestinanyň hökümedi Ysraýylyň meçew bermeleri barada beýannama berdi

Plestinanyň Döwlet baştutanynyň metbugat geňeşçisi Nebil Ebu Rudeýne Palestinanyň resmi habarlar agentligi WAFA-da çap edilen beýannamasynda, Ysraýylyň Aksa metidine garşy edýän düzgün bozamalary barada duýduryş berdi.

Ebu Rudeýne: "Ysraýylyň Aksa metjidine garşy meçew bermeleri kabul edilmesizdir. Metjidiň howlusyny söweş meýdanyna öwürer, ol bolsa ýagdaýyň has hem erbetleşmegine sebäp bolar" diýip mälim etdi.

Ysraýylyň remezan aýynda mukaddes ýerlere we ybadat edýän adamlara her gün hüjümler guraýandygyny aýdan Ebu Rudeýne, ady geçen aksiýalaryň sebiti dartgynlaşdyrýandygyny beýan etdi.

Kataryň Daşary işler ministri Muhamemd bin Abdurrahman Al Sani hem Twitter hasabyndan beren beýanatynda: "Ysraýylyň Aksa metjidine garşy dowamly häsýetdäki düzgün bozmalary we ol ýerde ybadat edýänlere garşy hüjümleri kabul edilmesizdir" diýip habar berdi.

Al Sani halkara jemgyýere Palestinanyň halkynyň hukuklaryny goramak bilen bagly jogapkärçiliklerini ýerine ýetirmek barada çagyryş berdi.

Ysraýylyň Polisiýa gullugynyň işgärleriniň Aksa metjidindäki musulmanlara ses bombasyny, rezin örtülen oklar we dürreler bilen proporsional bolmadyk güýç ulanyp, iki gün yzly-yzyna hüjümler guramagy basyp alyşlyk astyndaky ýagdaýy dartgynlaşdyrdy, wakalaryň ýüze çykmagyna sebäp boldy.

Ysraýylyň Aksa metjidine güýç ulanyp girmegi bilen 4-nji aprelde başlan dartgynlyk, 7-nji aprelde anna güni gije Ysraýyldan Gaza we Liwana guralan hüjümler bilen has hem artdy.

Oňa jogap hökmünde Gazadan Ysraýyla tarap raketalar bilen hüjüm guralypdy.

Ýene degişli makalalar

Birnäçe daşary ýurt raýatyna Türkmenistanda Magtymgulynyň 300 ýyllygy mynasybetli ýadygärlik nyşany gowşuryldy
Fransuz Raýatlarynyň Nigerden Gitmegi Üçin Hiç Hili Sebäp Ýok
Türkmen alymy TÜRKSOÝ-nyň 30 ýyllygy ýubileý medaly bilen sylaglanyldy
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Merkezi Aziýa Respublikalarynda başdan geçirlen soňky wakalar
Şyh Muhammed Bin Abdurrahman Al Sani Kataryň Premýer-ministri Boldy