“Palestinaly Doganlarymyzyň Iru-Giç Ýeňiş Gazanjakdygyna Ynanýarys”

“Palestinaly Doganlarymyzyň Iru-Giç Ýeňiş Gazanjakdygyna Ynanýarys”

Prezident R. T. Erdogan, Ysraýylyň ähli wagşyçylygyna, Gazada 10 aýdan bäri guraýan terrorçylykly hüjümlerine garamazdan palestin halkynyň egilşikgiz göreşini dowam etdirýändigini nygtap, “Palestinaly doganlarymyzyň iru-giç ýeňiş gazanjakdygyna ynanýarys” diýdi.

Prezident Erdogan, Bitlisiň Ahlat etrabynda geçirlen Ministrler kabinetiniň mejlisinden soň halka ýüzlenip çykyş etdi.

Ministrler kabinetiniň soňky mejlisinden bäri Türkiýäniň maksatlaryna ýetmek üçin irginsiz göreşini dowam etdirýändigini aýdan Erdogan, “Goranyş senagatynyň Ýerine ýetirijiler komitetiniň 2024-nji ýyldaky ikinji maslahatynda, ýurdumyzyň goranyş mümkinçiliginiň artdyrylmagy üçin möhüm kararlar kabul etdik. Ýerli we milli mümkinçilikler bilen öndürülýän “Polat Gubba” taslamasymyz hakynda giňişleýin pikir alyşdyk.

Goranyş senagaty taýdan doly garasşyz Türkiýe maksadymyza ýetmek üçin arman-ýadaman işleýäris” diýdi.

Bütin dünýäniň Palestinanyň Prezidenti Abbasyň, TBMM-de beren möhüm ýüzlenmeleri bilen ýakyndan gyzyklanandygyny aýdan Erdogan, Ysraýylyň ähli wagşyçylygyna, Gazada 10 aýdan bäri guraýan terrorçylykly hüjümlerine garamazdan palestin halkynyň egilşikgiz göreşini dowam etdirýändigini nygtady.

Prezident Erdogan,“ Gahrymanlarça topraklaryny goraýan palestinanyň halkyna ýalkymly salam. Palestinaly doganlarymyzyň iru-giç ýeňiş gazanjakdygyna ynanýarys” diýdi.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
NATO Hem-de ÝB-ne Agza Ýurda Ýaragly Uçarmansyz Howa Ulagy Eksport Edildi
Halkara ulgam, uly ykdysady çökgünligi başdan geçirýän Müsüre goldaw berýär.
NATO Ukraina Goşmaça Howa Goranyş Ulgamyny Bermegi Meýilleşdirär
Hakan Fidan: "Türkiye hökmünde biz indi her ugurda we her stolda bardyrys" diýdi