
Ylalaşygyň 1-nji tapgyrynda gowşurylmagyna garaşylan ysraýylly soňky 4 ýesiriň jesedi hem Ysraýyla berilmeginden soň palestinaly ýesirler hem azat edildi.
Basyp alyşlyk astyndaky Günbatar Şeriada ýerleşýän Ofer harby tussaghanasyndan we Ysraýylyň günortasyndaky Ketziot tussaghanasyndan azat edilen palestinaly ýesirler, Gyzyl haç jemgyýetiniň işgärlerine gowşuryldylar. Azat edilen palestinaly ýesirler, Ramallah şäheriniň golaýynda dogan-gadyndaşlary bilen didarlaşdylar, emosional pursatlar başdan geçirildi.
Taraplaryň arasynda gazanylan ýaraşyk we ýesir çalşygy ylalaşygy 19-njy ýanwarda güýje giripdi.