Palestinaly 110 Ýesir Boşadyldy

Palestinaly 110 Ýesir Boşadyldy

Hamas bilen Ysraýylyň arasyndaky ýesir çalşygynyň üçünji tapgyrynda palestinaly 110 ýesir boşadyldy.

Palestinaly tussaglylar gullugyndan berlen beýannama görä, 30-y çaga, 32-si ömür boýy azatlykdan mahrum edilen ve 48-i agyr jeza alan palestinaly 110 ýesir boşadyldy.

Boşadylan 110 ýesirden 66-sy Ramallaha, 15-i Gündogar Iýerusalime ve 29-y Gaza bardy.

Ýesir çalşygynyň üçünji tapgyrynda Gaza Sektoryndaky ysraýylly zenan ýesirlerden Agam Berger ve ikinji tapgyrdan soň krizise sebäp bolan Arbel Ýehud ve 80 ýaşyndaky ýesir Gadi Moses bilen 5 taýlantly boşadyldy.

Taraplaryň arasynda hüjümleriň bes edilmegi ve ýesir çalşygy boýunça gazanylan ylalaşyk 19-njy ýanvarda Türkiýe vagty bilen 12.15-de güýje giripdi.

Ýesir çalşygynyň ilkinji 2 tapgyrynda palestinaly 290 ýesir bilen Gazadaky ysraýylly 7 ýesir boşadylypdy.

Ýene degişli makalalar

Ysraýylly 3 Ýesir Boşadyldy
Ysraýylly Ýesirleriň Hossarlary Protest Ýörişlerini Dowam Etdirýär
Ysraýylly Ýesirleriň Hossarlary Ýöriş Geçirdi
Hamas Ýesir Çalşygyny Yza Süýşürdi
Netanýahu we Gallant Gaza garşy hüjümleriň dowam etjekdigini aýtdylar
Gazadaky Ýesirleriň Hossarlary Katara Gitdi