Palestinada 1 Günlük Milli Ýas Yglan Edildi

Palestinada 1 Günlük Milli Ýas Yglan Edildi

Palestinanyň Prezidenti Mahmud Abbas, Hamasyň lideri Ismail Heniýýeniň janyna kast edilmegini “gorkaklyk we howply waka” hökmünde häsiýetlendirdi we Palestina üçin jebislik çagyryşyny berdi.

Palestinanyň resmi habarlar gullugy WAFA-da berlen habara görä, Prezident Mahmud Abbas, Heniýýeniň janyna kast edilmegini berk ýazgardy.

Heniýýeniň öldürilmegini gorkaklyk we howply waka hökmünde häsiýetlendiren Abbas, palestin halkyna Ysraýylyň basyp alyşlygyna garşy jebislikde hereket etmek üçin çagyryş berdi.

Mahmud Abbas, Ismail Heniýýeniň janyna kast edilmegi sebäpli 1 günlük ýas yglan etdi.

Palestinanyň hökümetinden berlen beýannamada hem “Ozalky Premýer-ministr we watansöýer lider Heniýýeniň janyna kast edilmegini ýazgarýarys” diýildi.

Beýannamada, palestinanyň halkyna we ähli toparlara Ysraýylyň hüjümlerine garşy milli jebislik çagyryşyny berdi.

Hamas we Eýranyň Ynkylap goragçylary tarapyndan berlen ýazmaça beýannamalarda, Heniýýeniň Tährandaky öýüne Ysraýyl tarapyndan guralan hüjümde öldürlendigi habar berlipdi.

Ýene degişli makalalar

BMG Ysraýylyň Palestinadaky “bikanun” hereketini bir ýylyň dowamynda bes etmegini isleýär
“Gaza Gitmek Üçin Taýarlyk Görýäris”
Palestinanyň Prezidenti Abbas, Heniýýeniň Öldürilmegini Ýazgardy
Palestinanyň prezidenti Türkiyä sapar gurar
Palestinanyň prezidenti Türkiyä sapar gurar
Mahmud Abbas Ertir Ankara Geler