Palestina Goldaw Ýörişleri Dowam Edýär

Palestina Goldaw Ýörişleri Dowam Edýär

Dünýäniň çar tarapynda Palestina goldaw ýörişleri geçirilýär.

ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherinde ýerleşýän Bruklin muzeýiniň öňünde Palestina goldaw ýörişi geçirildi.

Germaniýada hem okuwçylar, Palestina goldaw bermek we Ysraýyla garşylyk görkezmek üçin köçelere çykdy.

Ýurtda ýokary okuw jaýlaryndan soň litseýlerde we orta mekdeplerde okaýan okuwçylar hem Ysraýylyň Gaza Sektorynyň günortasynda ýerleşýän Rafah şäherine guraýan hüjümini ýazgarmak üçin ýöriş geçirdi.

Belgiýanyn paýtagty Brýusselde bolsa demonstrantlar ABŞ-nyň ilçihanasynyň öňünde bir ýere jemlenişdi.

Demonstranlar Amerikan harytlarynyň baýkot edilmegi üçin çagyryş berdi.

Italiýanyň paýtagty Rimdäki Sapiensa uniwersitetinde okaýan talyplar protest ýörişini geçirdi.

Indoneziýanyň paýtagty Jakartada ABŞ-nyň ilçihanasynyň öňünde geçirlen ýörişde Ysraýylyň Rafahda asuda ilata garşy guraýan hüjümlerine garşylyk görkezildi.

Ýene degişli makalalar

Täze paýtagtyň howa menzili gurlar
Bali täze howa menzilini gurmakçy
Indoneziýanyň täze Prezidenti wezipesine girişdi
Papa Fransisk Indoneziýa Bardy
Geljekki paýtagtda Garaşsyzlyk güni bellendi
Indoneziýa Garaşsyzlyk gününi täze paýtagtda baýram etmekçi