“Palestina Goldaw Ýörişiniň Geçirilmegine Rugsat Berilmezligi Ikiýüzlü Çemeleşmedir”

“Palestina Goldaw Ýörişiniň Geçirilmegine Rugsat Berilmezligi Ikiýüzlü Çemeleşmedir”

Daşary işler ministri Hakan Fidan, “ÝB-ne agza käbir ýurtlarda Palestina goldaw ýörişiniň geçirilmegine rugsat berilmezligi ikiýüzlü çemeleşmedir” diýdi.

Hakan Fidan, Germaniýada geçirlen ÝB-niň Giňelmek we reforma temaly maslahatyna gatnaşdy.

Ministr Fidan maslahatyň çäginde metbugata ýapyk häsiýetinde geçirlen oturluşykda eden çykyşynda halkara aktýorlaryň ikiýüzlü çemeleşmekden ýüz öwürmelidigini nygtady.

ÝB-ne agza käbir ýurtlarda Palestina goldaw ýörişiniň geçirilmeginiň gadagan edilmegini tankyt eden Hakan Fidan, “Mukaddes kitabymyz Gurhana garşy guralan hüjümlere söz azatlygy bahanasy bilen rugsat berenler, Palestinada asuda ilatyň gyrgyna berilmegine garşylyk görkezmek isleýänleri bolsa bökdeýär. Bu kabul edilmesiz ikiýüzlü çemeleşmedir” diýdi.

Ýene degişli makalalar

"Parahatçylyk Palestinalylaryň Ýurtlaryndan Çykarylmagy Bilen Ýola Goýlup Bilinmez”
Hakan Fidan Eýranly Kärdeşi Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Hakan Fidan Alžirli Kärdeşi Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Hakan Fidan Adalat we ösüş partiýasynyň Nigdede geçirilen çäresinde çykyş etdi
Prezident Erdogan Gresiýanyň Ozalky Daşary Işler Ministrini Kabul Etdi
Hakan Fidan Möhüm Duşuşyklar Geçirdi
Şeýbani şu gün Türkiyä sapar gurar