Geçen hepdäniň ahyrynda filippinli boksçy Manni Pakýao bilen argentinaly Lukas Martin Matisse özara tutluşyk geçirdi.Malaýziýanyň paýtagty Kuala-Lumpur şäherindäki “Aksiata Arenada” orta agram derejesiniň WBA (regular) guşagy üçin geçirilen bu tutluşykda 39 ýaşly Pakýao ýeňiş gazandy.
Ol 7-nji raundda 35 ýaşly garşydaşyny nokaut bilen ýeňlişe sezewar etdi.Aslynda 3-nji we 5-nji raundlarda-da garşydaşyny jaýdar urgy bilen ýere ýykan Pakýao tutluşygy diýseň ýokary derejede geçirdi. “Çempionlaryň tutluşygy” ady bilen geçirilen bu tutluşyk Pakýaonyň karýerasyndaky 60-njy ýeňşi, 39-njy nokauty diýlip hasaba alyndy.
Pakýao karýerasynda 69 gezek ringe çykyp, ol şolarda 7 gezek ýeňlişe sezewar boldy. 8 agram görnüşinde dünýäniň çempiony bolan ýeke-täk boksçy hasaplanýan Pakýaonyň 2 duşuşygy-da deňlikde tamamlandy.
Onuň garşydaşy Matisse bolsa, şu wagta çenli geçiren 45 duşuşygynyň 39-synda (36-sy nokaut) ýeňiş gazandy.Ol 5-nji sapar ýeňlişe sezewar boldy.