ABŞ-nyň Las Wegas şäherinde orta agram derejesinde WBA-nyň çempionlyk guşagy ugrunda boks tutluşygy geçirildi. 40 ýaşly filippinli boksçy Menni Pakýao amerikaly Adrien Broner bilen tutluşdy. 12 raundlap dowam eden duşuşygyň ýeňijisini eminler kesgitledi we 3 eminiň (117:111, 116:112, 116:112) tassyklamagynyň netijesinde, filippinli boksçy nobatdaky ýeňşini baýram etdi.
Ol duşuşykdan soň, habarçylara: Bu tutluşyk meniň boksdaky başdan geçirmelerimiň dowam edýändigini görkezýär diýip, beýanat berdi.Bu ýeňiş Pakýaonyň 70-nji duşuşygyndaky 61-nji ýeňşi bolup, ol garşydaşlaryny nokauta iberdi. 2 duşuşygy deňlikde tamamlan Pakýao 7 gezegem ýeňlişe sezewar boldy.