Pakiýaonyň 62-nji ýeňşi

ABŞ-nyň Newada ştatynyň Las Wegas şäherinde geçirilen boks agşamynda filippinli Menni Pakiýao bilen amerikaly Keit Turman tutluşdy.Orta agram derejesiniň WBA Super çempionlyk guşagy ugrundaky tutluşyk 12 raundlap dowam etdi. Ýeňiji eminler tarapyndan kesgitlenip (113:114, 115:112, 115:112), Menni Pakiýao nobatdaky ýeňşini gazandy.

Bu 40 ýaşly boksçynyň 71-nji tutluşygyndaky 62-nji ýeňşi boldy.Ol şolaryň 39-synda nokaut bilen ýeňiş gazanypdy. 30 ýaşly Turman bolsa, 31-nji tutluşygynda ilkinji ýola asgyn geldi.

Ýene degişli makalalar

Fýuri üçünji söweşde Uaýlderi ýeňip, WBC boýunça dünýä çempiony titulyny gorady
Ugas Pakiýaony ýeňlişe sezewar etdi
ABŞ-da Uniwersitetde Ýaragly Hüjüm Guraldy
Ikinji duşuşygyň wagty mälim edildi
MakGregor Porýe: 3-nji tutluşyk
TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE MONTANA ŞTATYNYŇ GENERAL ADÝUTANTY BILEN HARBY MESELELER BOÝUNÇA DUŞUŞYK GEÇIRILDI