
Pakistanyň polisiýa gullugy, ýurduň ozalky Premýer-ministri Imran Hany Lahor şäherindäki öýünde tussag etdi.
Pakistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň berýän habaryna görä, Imran Han premýer-ministrligi döwründe alan sowgatlary sebäpli tussag edildi.
Kazyýet Imran Hany 3 ýyl azatlykdan mahrum etdi.
Pakistanyň Adalat we hukuk edarasynyň başlygy Azam Nazir ozal beren beýannamasynda, İmranyň Hanyň 5 ýyl syýasat bilen gyzyklanmagynyň gadagan edilendigini mälim edipdi.
Pakistanyň kanunlaryna görä, premýer-ministrler, ministrler we ýokary derejeli ýolbaşçylar daşary ýurtly mihmanlardan alan sowgatlary hakynda “Toshakhana” atly edara maglumat bermäge mejbur. Emma premýer-ministrligi döwründe Imran Hana berlen sowgatlar hakynda hiç hili maglumat berilmändir.