Pakistanyň hökümet başlyklygyna Şahbaz Şarif saýlandy

Pakistanyň hökümet başlyklygyna Şahbaz Şarif saýlandy

“Pakistanyň musulman ligasy” partiýasynyň lideri Şahbaz Şarif ýurduň täze premýer-ministri wezipesine saýlandy. Milli assambleýada (Mejlisiň aşaky palatasy) geçen ses berlişikde ol deputatlaryň 342-sinden 174-siniň sesini alyp, ýurduň 23-nji hökümet başlygy boldy diýip, Pakistanyň Dawn neşiri habar berdi diýip, MIR24 ýazýar.

70 ýaşly Şahbaz Şarif öň Pakistanyň hökümetine üç gezek ýolbaşçylyk eden Nawaz Şarifiň kiçi doganydyr. Syýasatçy bu wezipä ýurtdaky oppozision partiýalar tarapyndan hödürlendi.

Ýene degişli makalalar

TOPH-yň ýolbaşçysy taslamanyň gurluşygyna 2019-njy ýylda başlanjakdygyny aýtdy, ýöne muňa ozal başlanmanmydy?
Imran Han 5 Ýyl Möhlet Bilen Syýasatdan Çetleşdirildi
Türkmenistan bilen Pakistan söwda we maýa goýumlary ösdürmegi maslahatlaşdy
Lebapda häkimiýetleriň yzarlamalaryndan soň, juma namazyna barýan adamlar azaldy
​Lebapda, Moskwa hüjüminden soň, howpsuzlyk güýçlendirildi
Orsýetdäki pajygaly hüjümden soň türkmen polisiýasy dinçileri gysýar