Pakistanyň Federal nebit ministri bilen duşuşyk geçirildi

Şu gün 24-nji iýulda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň Federal nebit ministri Musadik Masud Malikiň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar ýangyç-energetika pudagynda türkmen-pakistan hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) transmilli gaz geçirijisiniň taslamasynyň durmuşa geçirilmegini mundan beýläk-de ilerletmek mümkinçiliklerine seredildi.

Bu uly göwrümli taslamanyň durmuşa geçirilmeginiň Aziýa sebitinde durnukly durmuş-ykdysady ösüşi üpjün etmäge gönükdirilendigi bellenildi.

Taraplar TOPH taslamasynyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi bilen baglanyşykly anyk meseleleri çözmegiň çäklerinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Ýene degişli makalalar

Owganystan TOPH taslamasyny durmuşa geçirmäge taýýarlanýar
31-nji iýulda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
R.Meredow Pakistanyň federal nebit ministri bilen duşuşdy
Türkmen türgenleri Tomusky Olimpiýa oýunlarynyň ýapylyş dabarasyna gatnaşdylar
Şu gün Parižde XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasy geçiriler
Tomusky Olimpiýa oýunlarynda Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň çykyşlarynyň tertibi