Pakistanyň Aşgabatdaky ilçihanasy türkmen işewürler wekiliýetiniň hormatyna dabara gurady

Pakistanyň Aşgabatdaky ilçihanasy türkmen işewürler wekiliýetiniň hormatyna dabara gurady

Pakistanyň Aşgabatdaky ilçihanasy Food AG 2024 sergisine gatnaşjak Türkmenistanyň işewürler wekiliýetiniň hormatyna kabul edişlik gurady. Bu barada newscentralasia.net ýazýar.

Pakistanyň Türkmenistandaky ilçisi K.K.Ahsan Waghan öz çykyşynda iki ýurduň azyk we oba hojalygynyň sazlaşyklydygyny aýtdy. Ilçi türkmen telekeçilerine serginiň hyzmatdaşlyk üçin giň mümkinçilikleri açjakdygyna umyt bildirdi.

Food AG 2024 — 9-njy awgustdan 11-nji awgust aralygynda Karaçi sergi merkezinde geçirilýän Halkara azyk we oba hojalygy sergisidir.

Çeşmäniň belleýşi ýaly, sergi Durnukly geljegi döretmek mowzugyna bagyşlanýar.

Ýene degişli makalalar

Alymlar şu günki hem-de mundan 30 ýyl öňki iýmitiň hilini deňeşdirdiler
Süýtli kofe gara kofeden peýdaly diýlip ykrar edildi
TSTB-niň agzalary Food Stambul Expo 2023 halkara sergisine gatnaşarlar
Türkmenistanda Russiýanyň kinosynyň we animasiýasynyň hepdeligi geçiriler, Türkmenistan HHR-e tebigy gazyň eksportyny artdyrdy, türkmen telekeçileri Türkiýedäki halkara sergä gatnaşarlar we beýleki habarlar
Ýurdumyzda halkara sergä gatnaşmaga taýýarlyk görülýär
Ýurdumyzda halkara sergä gatnaşmaga taýýarlyk görülýär