Pakistanly alymlar saç düşmegine garşy täze serişde tapdylar

Pakistanly alymlar saç düşmegine garşy täze serişde tapdylar

Pakistanyň COMSATS uniwersitetiniň alymlar saçy ösdürmegiň hem-de düşmegine garşy täze usulyny tapdylar. Ylmy-barlagar muňa 2-dezoksi-D-riboza (2dDR) şekeriniň täsir edýändigini görkezdi diýip, Weçernaýa Moskwa neşirine salgylanýan MIR 24 ýazýar.

Alymlar laboratoriýa syçanlarynda synaglary geçirdiler. Olar ilkibaşda ýaralary bitirmek üçin serişde gözlediler. Emma synlamalar şekeriň täsiri netijesinde gemrijilerde tüýleriň tiz ösýändigini subut etdi. Düzüminde 2dDR bolan çalgy ulanylandan 20 gün soňra syçanlaryň tüýi 80-90 göterim dikeldi. Alymlar munuň sebäbini şekeriň gan damarlaryny doldurýandygy we netijede, oňaýly täsir edýändigi bilen baglaýarlar.

Öň britan alymlary kellik bilen stresiň arasynda baglanyşygyň bardygyny anykladylar. Stresde öýjükler saçyň ösmegi zerur bolan maddany bölüp çykarmagy bes edýärler.

Ýene degişli makalalar

Gurbanguly Berdimuhamedow oba hojalyk ylmy-barlag institutlarynda alnyp barylýan ylmy işler bilen gyzyklandy
Alymlar günüň dowamlylygynyň uzalmagynyň sebäbini anykladylar
30-njy iýulda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Energiýa Ammarlamada Täze Tehnologiýalar
Türk Goranyş Senagaty Soňky 20 Ýylda Uly Üstünlik Gazandy
Ylmy maglumatlar