Pakistandaky suw joşmalary zerarly 1000-den gowrak adam aradan çykdy

Pakistandaky suw joşmalary zerarly 1000-den gowrak adam aradan çykdy

Pakistanda güýçli musson ýagyşlary zerarly iýun aýynyň ortalaryndan bäri bolup geçen suw joşmalarynyň weýrançylyklary netijesinde 1033 adam aradan çykdy, 33 million adam ejir çekdi. Bu barada RG habar berýär.

Habar berlişi ýaly, ýurduň häkimiýetleri tarapyndan şu onýyllygyň iň erbet gumanitar betbagtçylygy diýlip atlandyrylýan tebigy hadysa zerarly, tutuşlygyna, 33 million adam ejir çekdi, şolaryň 30 milliony bolsa öýsüz galdy.

BMG-niň Ynsanperwer meseleleri utgaşdyrmak boýunça agentliginiň müdirligi täzelenen maglumaty ýaýradyp, musson ýagyşlarynyň Pakistanda 3 milliona golaý adamy gurşap alandygyny, tutuş ýurt boýunça şolaryň 184 müňüsiniň kömek lagerlerine göçürilendigini mälim etdi. Ýurduň Premýer-ministri Şabhaz Şarif dowam edýän suw joşmalary zerarly kömek sorap, dünýä jemgyýetçiligine ýüz tutdy.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda türkmen-gazak hyzmatdaşlygy boýunça täze resminamalar toplumyna gol çekildi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
Serdar Berdimuhamedow Aşgabatdaky gurluşyklar bilen tanyşdy
BILDIRIŞ!
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi