Pakistanda Uly Taýpalaryň Arasyndaky Çaknyşykda Ýogalanlaryň Sany Artýar

Pakistanda Uly Taýpalaryň Arasyndaky Çaknyşykda Ýogalanlaryň Sany Artýar

Pakistanyň demirgazyk günbatarynda 4 günden bäri uly tire-taýpalaryň arasynda dowam edýän çaknyşyklarda ýogalanlaryň sany 85 adama ýetdi.

Peşawer şäherinden 218 kilometr alysda ýerleşýän Kurram etrapçasynda wagtal-wagtal şaýy we sünni tire-taýpalaryň arasynda çaknyşyklar bolýar.

Owganystan serherinde ýerleşýän etrapçada soňky 4 günden bäri dowam edýän çaknyşyklarda ýogalanlaryň sany 85 adama ýetdi.

Sebitde soňky ýyllaryň iň uly çaknyşygy bolýar.

Ýolbaşçylar taraplar we sebitiň sarpa goýulýan liderleri bilen birlikde dartgynlygyň gowşamagy üçin tagalla edýär.

Kurramda penşenbe güni şaýylary alyp barýan ulag kerwenine guralan ýaragly hüjümde azyndan 42 adam ýogalypdy.

Hüjümden soň sebitde şaýy we sünni taýpalaryň arasynda çaknyşyk başlapdy.

Ýene degişli makalalar

ABŞ-da Guralan Ýaragly Hüjümde 3 Adam Ýogaldy
Çernogoriýada guralan hüjümde azyndan 10 adam ýogaldy
Türkiýe Pakistanda Guralan Terrorçylykly Hüjümi Ýazgardy
Owganystanda Pakistan Tarapyndan Guralan Hüjümde 46 Adam Ýogaldy
Ysraýylyň Gaza Guraýan Hüjümlerinde Ýogalanlaryň Sany Artmaga Dowam Edýär
Ysraýylyň Liwana Guraýan Hüjümlerinde Ýogalanlaryň Sany Artdy
Ysraýylyň Gaza Guraýan Hüjümlerinde Ýogalanlaryň Sany Artmaga Dowam Edýär