15-16-njy maýda Yslamabatda Türkmenistan bilen Pakistanyň barasynda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçiriji taslamasy barada gepleşikler geçiriler. Şu maksat bilen türkmen wekiliýeti häzirki günlerde Pakistanda saparda bolýar. Bu barada Business Recorder neşiri habar berýär.
Gepleşiklerde gaz geçirijiniň taslamasy boýunça Owganystandaky howpsuzlyk we syýasy ýagdaýlar barada pikir alşylar.Käbir habar çeşmeleriniň belleýşi ýaly, bu elektroenergetika taslamasynyň howpsuzlyk ýagdaýy bilen bagly meseleler taslamanyň durmuşa geçirilmegine owgan tarapynyň gyzyklanmasynyň artmagy netijesinde çözülip bilner.
Hünärmenler bu iri taslamadan gelýän girdejiniň Owganystanyň ýyllyk býujetiniň, takmynan, 80-85 göterimini düzjekdigini aýdýarlar.Owganystanyň häzirki Hökümeti turbageçirijini goramak üçin ýörite güýç döretmäge taýýardygyny mälim etdi.
Ozal habar berşimiz ýaly, 10-njy maýda Türkmenistanyň wekiliýeti Kabulda Da Afghanistan Breshna Sherkat kompaniýasynyň wekilleri bilen gepleşik geçirdiler.Onuň dowamynda Türkmenistandan Owganysantana iberilýän elektrik energiýasynyň möçberini artdyrmak bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. 11-nji maýda Kabulda Türkmenistan, Owganystan we Pakistan (TOP) elektroenergetika taslamasyny durmuşa geçirmek maksady bilen, üç ýurduň degişli wekilleriniň gatnaşmagynda maslahat geçirildi.
Maslahatda taraplar Türkmenistan — Owganystan — Pakistandan elektrik geçirijisiniň we Nur-ul-Jahad podstansiýanyň gurluşygy baradaky taslamalaryň çäginde hyzmatdaşlyk etmek boýunça pikir alyşdylar. Şeýle-de görkezilen taslamalaryň durmuşa geçirilmegini çaltlaşdyrmak üçin, iki ýurduň tehniki toparlarynyň işini utgaşdyrmagyň möhümdigine ünsi çekdiler.
Ýeri gelende bellesek, TOPH taslamasy 2015-nji ýylyň dekabrynda başlandy. Taslamanyň gije-gündiziň dowamyndaky geçirijilik ukyby 1,325 milliard kub metre barabar bolar.