Pakistanyň günorta günbatar sebitlerinde soňky 3 günden bäri dowam edýän ýagyşlar bilen gelen sil apaty we ýyldyrym çakmagy sebäpli ýogalanlaryň sany 39 adama ýetdi.
Dawn saýtynyň habaryna görä, Penjap, Buluçistan we Haýber Pantunhwa sebitlerinde 3 günden bäri dowam edýän ýagyş gündelik durmuşa ýaramaz täsirini ýetirýär.
Ýagyşlar we ýyldyrym çakmagy sebäpli 39 adam ýogaldy.
Premýer-ministr Şahbaz Şerif, sil apaty sebäpli halka gyssagly degişli kömegiň berilmegi üçin ýolbaşçylara görkezme berdi.
Aşa köp ýagyşlar bilen gelen sil sebäpli birnäçe öýe uly zeper ýetirildi.