
Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) agza-ýurtlarynyň Hökümet başlyklary Hökümet baştutanlarynyň Geňeşiniň iki gün dowam etjek 23-nji ýygnaga gatnaşmak üçin Pakistana barar diýip, TASS habar berdi.
Geo TV teleýaýlymynyň habaryna görä, ýygnagyň gün tertibini sebit söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň, ýurtlaryň arasynda durmuş-medeni gatnaşyklary berkitmegiň hem-de howanyň üýtgemeginiň meseleleri giriziler.
Esasy çäreler 16-njy oktýabrda bolar diýip, Belta.by ýazýar.