Pakistanda Premýer-ministr Imran Hanyň Wezipesinden Boşadylmagyna Garşy Ýöriş Geçirildi

Pakistanda Premýer-ministr Imran Hanyň Wezipesinden Boşadylmagyna Garşy Ýöriş Geçirildi

Pakistanyň ozalky Premýer-ministr Imran Hanyň tarapdarlary ýurduň çar tarapynda Hanyň wezipesinden boşadylmagyna garşy ýöriş geçirdi.

Ýerli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň berýän maglumat görä, Pakistan Adalat partiýasynyň lideri Hanyň çagyryşyna laýyklykda paýtagt Yslamabadyň başda durmagynda Karaçi, Lahor, Peşawer we Multan şäherinde ýöriş geçirildi.

Ýörişde Pakistanyň we Pakistan Adalat partiýasynyň baýdagy göterildi.

Ýörişe gatnaşyjylar Imran Hana goldaw berdi we Hanyň wezipesinden boşadylmagyna sebäp bolan bäsdeş partiýalara garşylyk görkezdi.

Öňňin partlamentde geçirilen sese goýulşykda Imran Hanyň ýolbaşçylygyndaky hökümet 174 garşy alandygy sebäpli wezipesinden çekilipdi.

Ýene degişli makalalar

“Alla Biziň Doganlarymyzy Ysraýylyň Zulumyndan Halas Etsin”
Şerifiň,Hindistan Bilen Ýakyndan Hyzmatdaşlyk Etmek Isleýäris diýmegi
"Imran Han" -y goldaýan demonstrasiýalar dowam edýär
11-nji aprelde Pakistanyň Mejlisi täze premýer-ministri saýlar
Imran Han: Pakistanda režimi üýtgetmek üçin daşary ýurt dildüwşigi bar
Pakistanda Imran Hanyň ýolbaşçylyyndaky hökümet ýatyryldy