Pakistanda Polisiýa Merkezi Nyşana Alyndy

Pakistanda Polisiýa Merkezi Nyşana Alyndy

Pakistanyň Buluçistan sebitinde başbozarlaryň polisiýa merkezine guran hüjüminde 1-i polis 5 adam ýogaldy.

Ýerli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň berýän habaryna görä, Buluçistanyň Turbat etrapçasynda polisiýa merkezine hüjüm guraldy.

Hüjümde 4 işçi bilen 1 polis ýogaldy.

Etrapçada 14-nji oktýabrda hem işçileri nyşana alan terrorçylylykly hüjümde 6 adam ýogalypdy.

Ýene degişli makalalar

Aliýew Hankendi Şaherine we Hojaly Etrapçasyna Bardy
Türkmenabatda ýene-de suw üpjünçiligi kesildi
Türkiýede dört türkmen raýatynyň jesetleri doňduryjynyň içinde tapyldy
Suwy ölçegli we tölegli ulanmak talap edilýär
Aşgabatda hususy dükanlary ýapmak mejbur edilýär
Aşgabatda prezidentiň dikuçarly sapary sebäpli ulaglar aýyrdyldy