
Pakistanyň demirgazyk günbatarynda muson ýagyşlary bilen gelen sil sebäpli 14 adam ýogaldy.
Haýber Pahtunhwa sebitinde muson ýagyşlary siliň gelmegine sebäp boldy.
Sebitde sil sebäpli şol bir maşgaladan 3-i zenan, 7-si çaga bolmak bilen 11 adam ýolgady.
Hangu we Bažur sebitlerinde hem sil sebäpli 3 adamyň ýogalandygy nygtaldy.
Ýolbaşçylar, ýagyşlaryň gelejek hepde hem dowam etjekdigi barada duýduryş berdi.
Pakistanda her ýylyň iýun-sentýabr aýlaryny öz içine alýan döwürde muson ýagyşlary uly ýitgi çekilmegine sebäp bolýar.
2022-nji ýylda muson ýagyşlary bilen gelen silde 1739 adam ýogalypdy, sil ýurduň ykdysadyýetine 30 milliard dollarlyk zeper ýetiripdi.