Pakistanda metjitde guralan hüjümde ýogalanlaryň sany 72 adama ýetdi

Pakistanda metjitde guralan hüjümde ýogalanlaryň sany 72 adama ýetdi

Milli metbugatda berilen habarlara görä, düýn şäheriň Polis Lines etrabyndaky metjitde öýle namazy okalýan mahaly guralan kamikaze hüjüminden soň başladylan gözleg we halas ediş işleri dowam edýär.

Resmiler kamikaze hüjüminde ýogalanlaryň sanynyň 72 adama ýetendigini, takmynan 150 adamyň bejergisiniň bolsa hassahanalarda dowam edýändigini habar berdiler.

Haýber-Pahtunhwa welaýatynyň hökümeti welaýatda bir günlük ýas yglan etdi.

Jogapkärçiligini Pakistan Taliban tarapyndan öz üstüne alan hüjümiň ýurduň Daşary işler ministri Bilawal Butto Zerdariniň Russiýa guran saparynda guralmagy ünsleri özüne çekdi.

Pakistandaky Taliban geçen ýylyň 28-nji noýabrynda sosial mediadan 10-njy maýda resmi Yslamabad bilen başladylan od açmazlyk baradaky ylalaşygyň ýatyrylandygyny we agzalaryna ýurt derejesinde howpsuzlyk güýçlerine garşy hüjümler guramak barada buýruk beripdi.

Pakistan Pakistandaky Taliban guramasyny terror guramasy hökmünde kabul edýär.

Merkezi Yslamabad şäherinde ýerleşýän Howpsuzlyk işleri we derňew merkezi tarapyndan paýlaşylan maglumatlara görä Pakistanda geçen ýyl guralan 506 aýry terrorçylykly hüjümde 290-y howpsuzlyk gullukçysy, 311-i asuda ilatdan jemi 601 adam ýogalypdy, 741 adam bolsa ýaralanypdy.

Pakistanda 2022-nji ýylda terrorçylykly hüjümler 2021-nji ýyla garanyňda 15 göterim artypdy.

Ýene degişli makalalar

Pakistanda metjitde guralan hüjümde ýogalanlaryň sany 28 adama ýetdi
ABŞ-nyň Owganystandaky Mirasy
Türkiýe, Owganystanda Guralan Hüjümi Ýazgardy
Owganystanda Guralan Hüjümiň Jogapkärçiligini DAEŞ Öz Üstüne Aldy
Eýran: "Taliban bilen gepleşikler geçirildi, meseleler çözüldi" diýdi
Eýran-Owganystan serhedinde çaknyşyklar boldy