Pakistanda çakdanaşa yssy howa dowam edýär diýip, 24KZ habar berýär. Ýurduň günorta böleginde howanyň derejesi 52 gradusa, käbir ýerlerinde 54 gradusa golaýlady. Bu sebitde synlamalaryň taryhynda iň yssy howadyr.
Yssy howa Pakistanyň energiýa ulgamyna agram salýar. Howany serginledijilere islegiň artmagy sebäpli, elektrik üpjünçiliginde kynçylyk çekilýär.
Meteorologlar howanyň üýtgemegi netijesinde, onuň geçen ýyllardakydan has-da gyzjakdygyny duýdurýarlar.