Pakistanda Guralan Terrorçylykly Hüjümde 23 Adam Ýogaldy

Pakistanda Guralan Terrorçylykly Hüjümde 23 Adam Ýogaldy

Pakistanyň Buluçistan sebitinde ýaragly adamlar tarapyndan ýolagçylara garşy guralan terrorçylykly hüjümde azyndan 23 adam ýogaldy.

Pakistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň berýän habaryna görä Musakhel etrabynyň Rarashan etrapçasynda düýn gije ýoly ýapan ýaragly adamlar, awtobusdaky we ulaglardaky ýolagçylary ýeke-ýekeden barlandan soň olara garşy od açdy.

Hüjümde azyndan 23 ýolagçy ýogaldy, 10 ulag hem oda berildi.

Terrorçylaryň ýolagçylaryň paspotlaryny barlandygy we Penjaply bolan ýolagçylary öldürendigi nygtaldy.

Wakada ýaralananlar golaýdaky hassahanalarda bejergi astyna alyndy.

Pakistanyň Prezidenti Asyf Ali Zerdari bilen Pakistanyň Premýer-ministri Şahbaz Şerif wakany ýazgardy we terrora garşy egilşiksiz göreşiň dowam etjekdigini mälim etdi.

Ýene degişli makalalar

Afrinde Terror Hüjüminde 2 Adam Ýaralandy
Türkiye Pakistanda guralan terrorçylykly hüjümi ýazgardy
Türkiýe Owganystanda Guralan Terrorçylykly Hüjümi Ýazgardy
“Bizi Rus Terroryndan Gorajak Uzak Aralykly Ýarag Gerek”
Eýranda Guralan Ýaragly Hüjümde 3 Esger Ýogaldy
Abdulhamit Süleýman Çolpan