Türkmenistanyň ilçisi Atajan Möwlamow we Pakistanyň milli miras we medeniýet ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Jamal Şah 18-nji sentýabrda Yslamabatda geçirilen duşuşykda iki ýurduň arasyndaky medeni gatnaşyklara ünsi çekip, bu ugurda özara gyzyklanmalary ara alyp maslahatlaşdylar.
bellenilişi ýaly, taraplar medeni miras babatynda gepleşikleri güýçlendirmek isleýändiklerini mälim etdiler we ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmek isleýändiklerini tassykladylar.
Jamal Şah jemgyýetçilik diplomatiýasyny ösdürmek üçin sungatyň dürli ugurlarynda hyzmatdaşlygyň mümkinçiligini nygtady we medeniýetleri we halklary ýakynlaşdyrmagyň täsirli serişdesi hökmünde bilelikdäki film önümçiligine başlamagy teklip etdi diýip, Pakistan Associated Press habar berýär.
Mundan başga-da, pakistan tarapy Hytaý-Pakistan Ykdysady geçelgesiniň medeni kerweniniň ikinji tapgyryna gatnaşmak üçin Merkezi Aziýa döwletlerine ýörite çakylyk ýollanýandygyny habar berdi.
Taraplar medeni alyş-çalyş pudagynda hyzmatdaşlygy güýçlendirmek we özara gyzyklanýan meseleleri ara alyp maslahatlaşmagy dowam etdirmek barada ylalaşdylar.