Pakistan: "Türkiýe bilen gatnaşyklarymyza dünýäniň gözi gidýär" diýdi

Pakistan: "Türkiýe bilen gatnaşyklarymyza dünýäniň gözi gidýär" diýdi

Anadoly habarlar gullugyna beýanat beren Enwer Han, Türkiýe we Pakistanyň syýasy, harby we halklarynyň arasyndaky aragatnaşykda we durmuşyň ähli ugurlary boýunça bilelikde hereket edýändigine ünsleri çekdi.

"Türkiýe we Pakistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň başga ýerdi meňzeşi ýok bolmak bilen birlikde, oňa dünýä ýurtlarynyň gözi gidýär" diýip bellän Han, onuň nesillerden nesile geçirilmelidigini beýan etdi.

Han, Kipr meselesi, Siriýa we Yrak bilen bagly meseleler we terrora garşy göreşde Pakistanyň Türkiýäniň ýanyndadygyny belledi.

Ady agzalan synaglaryň hötdesinden gelmek üçin iki ýurdyň arasyndaky hyzmatdaşlygynyň dowam etmelidigini aýdan Han, ekstremist terror guramasy PKK we DAIŞ-iň açyk ýagdaýdaky howpdugyny, Pakistanyň hem öz serhetleriniň çäginde şoňa meňzeş synaglary başyndan geçirýändigini mälim etdi.

Han, Kaşmir meselesi boýunça Türkiýäniň berýän goldawyna minnetdarlyk bildirdi.

Ýene degişli makalalar

Türk mertbugatynyň gysgaça mazmuny
Türki Dünýäniň Konwensiýasy Kabul Edildi
Owganystanda metjide guralan hüjümiň jogapkärçiligini DAIŞ öz üstüne aldy
Jeditçilik hereketiniň türkmen topragyndaky öwüşginleri
Daşary ýurt metbugatyna syn
Taliban Harby Merkeze Hüjüm Gurady
Daşoguzly ataly ogul Türkmenistanda seýrek gabat gelýän gülleri ösdürip ýetişdirýärler