Pakistanyň Premýer-ministri Şahbaz Şerif, 6-njy fewralda güýç merkezi Kahramanmaraşda bolan ýer titremeleri sebäpli Türkiýä 23-nji marta çenli 50 müň adamlyk çadyr kömegini berjekdiklerini mälim etdi.
Ýerli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň berýän habaryna görä, Premýer-ministr Şerif, Lahor şäherinde Türkiýede bolan ýer titremelerinden soň berlen kömekler meselesinde geçirlen maslahata başlyklyk etdi.
Premýer-ministr Şerif, çadyrlaryň gyş şertlerine has çydamly bolmagy üçin görkezme berendigini belledi.
Çadyrlar bilen birlikde Pakistanyň Howa ýollaryna degişli uçar bilen Türkiýä 38 müň ýorganyň, ýer titremeleri sebäpli uly ýitgi çeken Siriýa hem 22 müň ýorganyň we azyk kömeginiň beriljekdigi nygtaldy.
Pakistanyň Deňiz güýçlerine degişli ikinji gämi hem şu gün Karaçi şäherinde Türkiýä tarap ýola çykar.
Pakistan ilkinji gämi bilen 28-nji fewralda 1000 müň tonnalyk ynsanperwer kömegini beripdi.
Pakistanyň hökümeti, Türkiýä hazire çenli 17 müň adamlyk çadyr we 60 müň ýorgan kömegini beripdi.