Pakistanyň metbugaty Türkmenistan Owganystan Pakistan Hindistan gaz geçirijisi işe girenden soň, onuň Owganystandan geçýän böleginde islendik ýykgynçylyk işi ýüze çykan halatynda Pakistanyň üstaşyr gaz ýitgisiniň öwezini Türkmenistanyň dolmaga razy bolandygyny habar berýär.
Habarda Türkmenistanyň gazyň bahasyna täzeden seretmäge razy bolandygy aýdylýar.Beýleki tarapdan, Hindistanyň metbugaty TOPH arkaly iberiljek gazyň hindistanly sarp edijilere gymmada düşýändigini habar berýär.Pakistanyň “The News” neşiri uruşdan ejir çekýän Owganystandan TOPH arkaly üstaşyr iberilýän gaz ýykgynçylykdan zyýan çeken ýagdaýynda munuň öwezini Türkmenistanyň dolmaga razy bolandygyny habar berdi.
Neşir özüniň pakistanly çeşmelerine salgylanyp beren habarynda türkmen tarapynyň Pakistana akdyryljak gazyň bahasyna täzeden seretmek boýunça ylalaşandygyny, ýakyn wagtda gazyň bahasyny maslahat etmek üçin “Türkmengazyň” bilermenler toparynyň Pakistana sapar etjekdigini aýdýar.
Pakistan metbugatynda çykan bu habar Pakistanyň ýokary derejeli harby resmisiniň Türkmenistana sapar edip ýokary derejeli türkmen resmileri bilen geçiren duşuşygynyň yzýanyna gabat geldi.Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, 8-nji oktýabrda Pakistanyň goşunynyň Birleşen karargähleriniň komitetiniň başlygy, general Zubair Mahmud Haýat Aşgabada sapar edip, Türkmenistanyň daşary işler ministrliginde Türkmenistan Owganystan Pakistan Hindistan gaz geçirijisiniň töweregindäki meseleleri maslahat etdi. 13-nji oktýabrda “Türkmenistanyň hronikasy” neşiri pakistan metbugatyna salgylanyp, TOPH-yň gurluşygynyň yza tesdirilmegi bilen bagly problemany çözmek üçin üstümizdäki hepde türkmen wekiliýetiniň Pakistana sapar etjekdigini habar berdi.
Türkmenistan gurluşygynyň öz çäginden geçýän bölegine 2015-nji ýylyň dekabr aýynda badalga berlen Türkmenistan Owganystan Pakistan Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň üsti bilen Günorta Aziýa ýurtlaryna ýylda 33 miliard kub metr gaz eksport etmegi maksat edinýär.
Beýleki tarapdan, 10-njy oktýabrda Hindistanyň “ET Prime” neşiri Türkmenistan Owganystan Pakistan Hindistan gaz geçirijisi arkaly Hindistana iberiljek gazyň bahasynyň hindistanly sarp edijilere gymmada düşýändigini habar berdi.Neşiriň maglumatyndan mälim bolşuna görä, Hindistan Türkmenistana 1000 kub metr gaz üçin 354 dollar töweregi pul tölemeli bolar, “ýöne Hindistan bu bahany öte gymmat görýär” diýip, “ET Prime” ýazýar.
Galyberse-de, neşiriň maglumatyna görä, Hindistan Pakistan bilen arada konflikt ýüze çykan ýagdaýynda Pakistanyň TOPH gaz geçirijisinden Hindistana akýan gazy kesmek ähtimallygyna alada bildirýär, bu ýagdaý sebäpli taslamadan çetde durýar.
Pakistan Owganystanda gaz geçirijä zyýan ýetmeginden, öz gezeginde Hindistan Pakistan bilen arada döremegi ahmal konfliktden alada galýar.Muňa garamazdan, Türkmenistan Türkmenistan Owganystan Pakistan Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşyk işleriniň güýçli depginde alnyp barylýandygyny gaýtalaýar.
Türkmenistanda täze peýda bolan hem-de türkmen hökümeti bilen tutuşlygyna ugurdaş maglumatlary çap edýän merw.news atly hökümete tarapdar internet saýtynda 27-nji sentýabrda habar berilmegine görä, häzirki wagtda TOPH gaz geçiriji taslamasynyň türkmen bölegindäki turbalary Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynda ýerleşýän “Galkynyş” gaz käninden gözbaş alýan turbalara seplemek, kebşirlemek işleri alnyp barylýar.
Mundan ozal türkmen resmileri taslamanyň türkmen böleginiň gurluşygynyň tamamlanandygyny aýdyp metbugatda çykyş edipdi.Türkmenistan Owganystan Pakistan Hindistan gaz geçiriji taslamasynyň owgan böleginiň gurluşygyna 2018-nji ýylyň 23-nji fewralynda girişilendigi habar berildi. Ýöne 7-nji oktýabrda Owganystanyň “Pajhwok” habar neşiri TOPH taslamasynyň owgan böleginiň gurluşygynyň yza tesdirilýändigini hem-de bu ýagdaýa Owganystanyň parlamentiniň aşaky palatasynyň wekilleriniň alada bildirýändiklerini habar berdi. Şol bir wagtyň özünde 7-nji oktýabrda Pakistanyň “Daily Times” neşiri hökümetdäki çeşmelerine salgylanyp, TOPH taslamasynyň pakistan böleginiň gözleg-barlag işleri ýerine ýetirilende korrupsiýa ýol berlendigini habar berdi.
Türkmenistanyň metbugat serişdeleri bu halkara taslamanyň gurluşygynyň gyzgalaňly ilerleýändigini habar berýär.Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz.Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.