
Pakistan Yslam Respublikasy Russiýanyň Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçiriji taslamasyna gatnaşmagyny goldaýar. Muny golaýda TASS bilen geçirilen söhbetdeşlikde Pakistanyň Russiýada täze bellenen ilçisi Muhammad Halid Jamali mälim etdi.
— Ýurdumyzda energiýa çeşmelerine bolan isleg barha ýokarlanýar. Pakistan bu ugurda Merkezi Aziýadaky, Owganystandaky taslamalara birikmek isleýär. Biziň Russiýanyň gatnaşyp biljek islendik görnüşinde TOPH-a gatnaşmagyna garşylygymyz ýok - diýip, ilçi belledi.
Pakistan akymy gaz geçirijisi barada aýdyp, ilçi Jamali taslama boýunça Moskwa bilen gepleşikleriň dowam edýändigini tassyklady. Gepleşikler ilerleýän bolsa-da, turbageçirijiniň gurluşygynyň takyk möhleti indi kesgitlenilmeli.