Pakistan Owganystana hüjüm gurady

Pakistan Owganystana hüjüm gurady

Talibanyň wagtlaýyn hökümediniň Host welaýatynyň Içeri işler edarasynyň metbugat geňeşçisi Mustagfer Gurbuz, Pakistanyň Harby-howa güýçleriniň Host welaýatynyň Spire etrabyndaky 4 oba howa hüjümini gurandygyny habar berdi.

Hüjümlerde asuda ilatdan ýitgileriň başdan geçirilendigini aýdan Gurbuz, şol obalaryň Pakistanyň serhediniň golaýynda ýerleşýändigini mälim etdi.

Şaýatlar bolsa hüjümlerde ýogalanlaryň we ýaralananlaryň sanynyň 15 adamdan köpdügini öňe sürdiler.

Kunar welaýatynyň gubernatorlygynyň metbugat sekretary Kari Najibullah Hanif, pakistanly esgerleriň Kunar welaýatynyň Şaltan etrabynyň Gerne obasyna minomýot bilen hüjüm gurandygyny aýan etdi.

Hanif, hüjümde adam ýitgileriniň başdan geçirilip-geçirilmändigini derňemek üçin sebite ýörite toparyň ugradylandygyny beýan etdi.

Sebitiň ýaşaýjylary bolsa hüjümde adam ýitgileriniň başdan geçirilendigini bellediler.

Talibanyň wagtlaýyn hökümediniň Daşary işler ministrligi, Pakistanyň Kabul şäherindäki Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisini ministrlige çagyryp, hüjüm bilen bagly düşündiriş isledi.

Ýene degişli makalalar

Dünýä ýurtlary Türkiyä ynsanperwer kömek ugratmaga dowam edýär
Dünýäniň çar tarapyndan Türkiyä goldawlar gelmäge dowam edýär
ABŞ-nyň Owganystandaky Mirasy
Türkiýe, Owganystanda Guralan Hüjümi Ýazgardy
Owganystanda Guralan Hüjümiň Jogapkärçiligini DAEŞ Öz Üstüne Aldy
Eýran: "Taliban bilen gepleşikler geçirildi, meseleler çözüldi" diýdi
Eýran-Owganystan serhedinde çaknyşyklar boldy