Pakistan Owganystana howa hüjümini gurady

Pakistan Owganystana howa hüjümini gurady

Adynyň aýan edilmegini islemeýän pakistanly iki howpsuzlyk we razwedka resmisiniň beren beýanatyna esaslanyp berilen habara görä, ýurduň goşuny Owganystanyň Pakistan serhedindäki Host we Paktika welaýatlarynda Pakistan Taliban guramasyna degişlidigi öňe sürülen gaçybatalgalara howa hüjümini gurady.

Pakistanyň goşuny mesele bilen bagly beýannama bermedi, Pakistan Talibany bolsa hüjümleriň guralandygyny tassyklady.

Owganystandaky Taliban häkimiýetiniň metbugat geňeşçisi Zabihullah Müjahid, Paktika welaýatynyň Barmal diýilýän ýerindäki hüjümlerde 3-si zenan we 3-si çaga jemi 6 adamyň, Host welaýatyndaky hüjümlerde bolsa 2 zenanyň ölendigini belläp, hüjümleri ýazgardy.

16-njy martda Pakistanyň Haýber Pahtunhwa welaýatyndaky Demirgazyk Weziristan sebitinde harby birikmä bomba ýüklenen ulag bilen hüjüm guralypdy, ondan soň bolsa köp sanda kamikaze hüjümi guralypdy. Hüjümlerde we ondan soň guralan operasiýalarda 7 pakistanly esger we 6 hüjümçi ýogalypdy.

Pakistanyň Prezidenti Asyf Ali Zerdari esgerleriň jynaza çäresine gatnaşypdy we gaýtawul beriljekdigini habar beripdi.

Ýene degişli makalalar

Pakistanda bombaly hüjüm guraldy
Russiýa,Talibanyň gadagan edilen “terror” guramalarynyň sanawyndan çykarylmagy üçin işe girişdi
Türkiýe, Owganystanda Guralan Hüjümi Ýazgardy
Owganystanda Guralan Hüjümiň Jogapkärçiligini DAEŞ Öz Üstüne Aldy
Eýran: "Taliban bilen gepleşikler geçirildi, meseleler çözüldi" diýdi
Eýran-Owganystan serhedinde çaknyşyklar boldy