Pakistan Hindistany Terrorizme Goldaw Bermekde Günäkärleýär

Pakistan Hindistany Terrorizme Goldaw Bermekde Günäkärleýär

Milli metbugatyň habar bermegine görä Har paýtagt Yslamabatda guran metbugat ýygnagynda Hindistanyň geçen ýyl guralan Lahordaky bombaly hüjüm bilen bilelikde dürli terror aksiýalaryna goşulandygy hakynda ellerinde güýçli delillerin bardygyny aýtdy.

Har “Hindistany Pakistanda terror aksiýalaryny alyp barmakda” günäkärläp; “Terrorizmi Hindistan ýaly öz bähbitleri üçin ulanýan ýurt ýok” diýdi.

Hindistanyň özüni terrorizmiň gurbany hökmünde görkezýändigini beýan eden Har, şonuň ýany bilen Täze Deliniň halkara terrorizme garşy göreşde hiç hili goşandynmyň ýokdugyny aýtdy.

Har soňky 3 ýylda Pakistanda 1213 hüjümiň guralandygyny we 211 howpsuzlyk gullukçysynyň nyşana alynandygyny beýan edip, şol hüjümleriň aňyrsynda hindi howpsuzlyk gullugynyň Gözleg we analiz bölüminiň durýandygyny öňe sürdi.

Ýene degişli makalalar

Russiýada Bolan Uçar Heläkçiliginde 2 Adam Ýogaldy
Indoneziýada Gelen Sil Sebäpli 67 Adam Ýogaldy
Eýrandaky sil apatynda ýedi adam ýogaldy
25-nji aprelde Türkmenistanyň esasy habarlary
Indoneziýadaky ýer süýşgüninde ýogalan adamlaryň sany artdy
5-nji aprelde Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Şwed alymlary: ukusyzlyk adamy bäş ýyl garradýar