19-njy maýda, TOPH bilen bagly meseleleri maslahatlaşmak üçin, Türkmenistana Pakistanyň delegasiýasy geldi. Bu barada Pakistanyň “TheNews” neşiri habar berýär.
Delegasiýa Pakistanyň premýer-ministriniň nebit meselelerine gözegçilik edýän ýörite kömekçisi Nadim Babar (Nadeem Babar) ýolbaşçylyk edýär.
Ýatladýarys, 12-nji martda Türkmenistan we Pakistan TOPH-yň gurluşygy hakynda şertnama baglaşdy.
9-njy maýda Eýranyň Pakistanyň üstünden halkara arbitražyna arza berendigi, onda Eýrandan Pakistana çekilmeli we TOPH gaz geçirijisine bäsdeş bolan geçirijiniň gurluşygynyň gijikdirilmeginden şikaýat edilýändigi mälim boldy.
13-nji maýda Aşgabada Eýranyň DIM-niň başlygy geldi we Tähranyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy giňeltmekçi bolýandygyny aýtdy.