Pakistanyň Moskwa şäherindäki Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Muhammed Halil Jemali, Rus Tass habarlar agentligine beren beýanatynda, ýurdunyň BRIKS ýaly möhüm guramanyň bir bölegi bolmak isleýändigini aýtdy.
Muhammed Halil Jemali ýurdunyň BRIKS-e agza bolmak üçin resmi taýdan ýüz tutandygyny we agzalyk tapgyrynda Russiýanyň goldawyna ynanýandygyny belläp, Yslamabada bu meselede goldaw bermekleri üçin beýleki agza ýurtlar bilen hem aragatnaşyk içindediklerini habar berdi.
Ilçi Muhammed Halil Jemali 2024-nji ýylda Russiýanyň döwürleýin başlyklygynda ýurdunyň BRIKS-e agza bolmagy meýilleşdirýändiklerini aýan etdi.