Pahtakor — Ahal oýnuna nähili tomaşa edip bolar

Pahtakor — Ahal oýnuna nähili tomaşa edip bolar

Türkmenistanyň Ahal topary AFK Çempionlar ligasynyň üçünji tapgyrynda Özbegistanyň Pahtakory bilen duşuşar. Oýun 24-nji oktýabrda Aşgabat wagty bilen sagat 19:00-da Daşkent şäherindäki Bunýodkor stadionynda geçiriler.

AÇL-iň üçünji tapgyrynyň oýnuna Türkmenistanyň çäginde IPTV ulgamynda elýeterli bolan Täjigistanyň Futbol HD hem-de Özbegistanyň Sport teleýaýlymlarynyň üsti bilen göni ýaýlymda tomaşa edip bolar.

Ýeri gelende ýatlatsak, AFK Çempionlar ligasynyň A toparçasynda iki tapgyryň jemleri boýunça Al-Aýn topary 6 utuk bilen turnir tablisasynda liderlik edýär.Ahal we Al-Feýha toparlarynyň bolsa hersinde 3 utuk bar. Heniz utuk gazanyp bilmedik Pahtakor toparçada iň soňky orny eýeläp dur.

Pahtakor — Ahal oýnuna ýaponiýaly referiler eminlik ederler. Oýnuň baş emini hökmünde Zýumpeý Iida jürlewük çalasa, oňa iki gapdalda ildeşleri Isao Nişihasi we Kota Watanabe ýardam ederler. Dördünji eminiň wezipesini Hiroki Kasahara, VAR-daky eminleriň wezipesini bolsa Ýusuke Araki we Ýudaý Ýamamoto ýerine ýetirerler.

Ýene degişli makalalar

AÇL. Pahtakor — Ahal oýnunyň esasy düzümleri belli boldy
Sport teleýaýlymy Merwiň we Altyn asyryň AFK kubogyndaky oýunlaryny göni ýaýlymda görkezer, türkmenistanly zehinler Delfi oýunlaryna gatnaşarlar, Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri Aşgabat şäherine geldi we beýleki habarlar
Aşgabat stadionda geçiriljek iki halkara duşuşygy Türkmenistan Sport teleýaýlymy göni ýaýlymda görkezer
Argentinamy ýa-da Kolumbiýa?!
Матч ТВ türkmen boksçusynyň tutluşygyny göni ýaýlymda alyp görkezer
Türkmenistan iň arzan benzinli ýurtlaryň sanawynda 7-nji orny eýeledi, Tölegde AŞTU-nyň hyzmatlaryny tölemek mümkinçiligi döredildi, Nazir Habibowyň täze albomy we beýleki habarlar