Pagtaçy kärendeçiler özlerine ýeňillikli bahadan wada berlen künjara iýmini alyp bilmeýärler

Pagtaçy kärendeçiler özlerine ýeňillikli bahadan wada berlen künjara iýmini alyp bilmeýärler

Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynda mineral dökünleri, ekerançylyk suwlary we oba hojalyk tehnikalarynyň üpjünçiligi bilen bagly bar bolan problemalara garamazdan, döwlet borçnamasyny ýerine ýetiren pagtaçy kärendeçiler wada berlen ýeňillikli künjarany alyp bilmeýändiklerini aýdýarlar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 2-nji ýanwarda sebitden habar berdi.

Balyş Öwezow adyndaky we Hüdük Myradow adyndaky daýhan birleşiklerinden bolan, şeýle-de, “Türkmenistan”, “Magtymguly” we “Zaman” daýhan birleşiklerinden bolan ençeme kärendeçi künjara üpjünçiligi bilen bagly ýüzbe-ýüz bolýan problemalary boýunça welaýat häkimligine şikaýat bildirendiklerini aýdýarlar. Ýöne ýerli kärendeçileriň arz-şikaýat synanyşyklary netijesiz tamamlanýar.

Prezident Serdar Berdimuhamedow sentýabryň ahyrynda 2022-nji ýylyň hasylyndan başlap, pagta hasylynyň 50 göterimini gaýtadan işlemekden alynýan künjarany önüm öndürijilere ýeňillikli bahadan satmak barada karara gol çekdi.

Pagta plan borçnamasyny üstünlikli ýerine ýetiren ýerli kärendeçiler prezidentiň karary bilen özlerine wada berlen künjaranyň berilmeýändigini aýdýarlar.

Pagta çigidinden öndürilýän künjara mallar üçin iým hökmünde ulanylýar.

Ýerli kärendeçiler künjara üpjünçiligi bilen bagly talaplaryny beýan etmek üçin, Daşoguz şäherinde ýerleşýän Ösümlik ýag zawodynyň ýolbaşçylaryna-da arza bilen ýüz tutandyklaryny aýdýarlar. Ýerli ýag zawodynda pagta çigidinden ösümlik ýagy alynýar.

“Olar indi öz şikaýatlaryny prezidente ýetirmek isleýärler” diýip, bir ýerli ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Bir kilogram künjaranyň ýeňillikli bahasy döwlet tarapyndan 50 teňňe hökmünde kesgitlenipdir. Ýöne daýhanlar döwlet tarapyndan berilmeli künjaranyň bazarlarda “ogurlanyp satylýandygyny” we bahasynyň 4 manat we 5 manat aralygynda üýtgeýändigini aýdýarlar.

Deňeşdirmek üçin aýdylsa, bazar künjarasy döwlet tarapyndan hödürlenýän mal iýminden 10 esse töweregi gymmada düşýär.

Bu aralykda, ýerli kärendeçiler 2022-nji ýylyň gowaça hasylyny ösdürip ýetişdirmek üçin, özleriniň üpjünçilik meseleleri bilen bagly dürli problemalar bilen ýüzbe-ýüz bolandyklaryny aýdýarlar.

“Pagta hasylyny ýetişdirmek aňsat iş däl. 2022-nji ýyl daýhan üçin agyr geldi. Suw, dökün we tehnika ýetmezçiligi boldy” diýip, bir daýhan Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.

Muňa garamazdan, ýerli kärendeçiler kyn şertlerde zähmet çekmäge mejbur galandyklaryny, gowaçanyň hatarara bejergi işlerini kätmen bilen geçendiklerini, şeýle-de, suw üpjünçiligini öz tagallalary bilen ýola goýmak arkaly pagta hasylyny ösdürip ýetişdirendiklerini aýdýarlar.

Türkmenistanyň hökümeti we döwlet mediasy ýurduň oba hojalyk pudagynyň ösdürilýändigini, daýhanlaryň önüm öndürmäge höweslendirilýändigini öňe sürýär.

Ýöne ýurduň dürli sebitlerinde, şol sanda demirgazyk Daşoguz sebitinde ýerli kärendeçiler ýyllarboýy mineral dökünleri, ekerançylyk suwlary we oba hojalyk tehnikalarynyň üpjünçiligi bilen bagly problemalary başdan geçirip gelýär.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary kärendeçi daýhanlaryň ýüzbe-ýüz bolýan problemalary, obasenagat toplumynyň meseleleri, galyberse-de, daýhançylyk işleriniň düşewüntsizligi barada ýyllarboýy habar berip gelýärler.

Bu aralykda, demirgazyk sebitde bar bolan kynçylyklara garamazdan, ýere yhlas edip, önüm öndürmäge çalyşýan daýhanlar öz ýerleriniň ellerinden alynmagy baradaky habarlary aladaly garşylaýarlar.

Ýatlasak, Azatlyk Radiosynyň habarçylary günbatar Balkan sebitinde geçen ýylyň ahyrynda daýhan hojalyklaryň we özbaşdak kärendeçileriň ekerançylyk ýerleriniň ellerinden alnyp başlanandygyny habar berdi.

Türkmenistanda ýuridik şahslaryň ýerleriniň ellerinden alynmagy we olaryň döwlet edara-kärhanalaryna peýdalanmaga berilmegi barada karar kabul edildi. Oba hojalyk ministrligi bilen bir hatarda Ahal we Balkan welaýatlarynyň häkimliklerine bu çärelere taýýarlyk görmek tabşyryldy.

Munuň yz ýany, ýurduň Balkan sebitinde daýhan hojalyklaryň ýerleriniň ellerinden alynmagy baradaky habarlar peýda bolup başlady.

Şeýle habarlardan soň, demirgazyk sebitiň kärendeçileri, ähli kynçylyklara garamazdan, “yhlas edip, mähir siňdiren” oba hojalyk ýerleriniň ellerinden alynmagyna alada bildirýärler.

“Kärendeçiler pagtanyň künjarasyny alyp bilmän kösenýärler. Üstesine, daýhan birleşikleriň başlyklary geljek ýyldan kärendeçi daýhanlaryň ýerleriniň ellerinden alynjakdygy barada duýduryş berdi. Bu habardan soň, ýere mähir siňdiren daýhanlar başga iş hem ýok indi’ diýişýärler” diýip, ýerli ýaşaýjylar aýdýarlar.

Prezidentiň gol çeken buýrugynda diňe ýuridik şahslaryň ýer bölekleriniň ellerinden alynjakdygy we olaryň döwlet edara-kärhanalaryna peýdalanmaga beriljekdigi aýdylýar.

Türkmenistanyň döwlet metbugaty we oba hojalyk resmileri täze buýrugyň jikme-jikligi barada ilata düşündiriş bermeýärler.

Azatlygyň habarçylary ýurduň Balkan sebitinde kärendeçileriň ýer böleklerini ellerinden almak işlerine badalga berlendigini habar berdi.

Azatlyk bu maglumat boýunça Balkanyň welaýat häkimliginden teswir alyp bilmedi.

Galyberse-de, Azatlygyň habarçylary Daşoguz sebitinde hem daýhan birleşikleriň başlyklarynyň öňümizdäki ýyldan başlap, kärendeçileriň ýerleriniň ellerinden alynjakdygy barada duýduryş berýändigini habar berýärler.

Bu maglumat boýunça ýerli häkimlik resmileri beýanat bermeýärler.

Türkmenistanda 2018-nji ýylda yglan edilen oba hojalyk reformalary düşewüntsiz daýhan hojalyklaryň ýerleriniň ellerinden alynmagyny düzgünleşdirýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Maryda býujet işgärleri pagta möwsümine pul tabşyrýar, pes hasyl pagtaçylary alada goýýar
Ýagyşdan soň gapaklan gowaça meýdanlarynyň hatarara bejergisine kultiwatorlar ýetmezçilik edýär
Daşoguzly pagtaçylar şertnamadan artyk ak altyn tabşyrýarlar
Gyzylarbatda pagtaçy kärendeçileriň ençemesi döwlete bergili çykdy
Prokurorlar kärendeçileri gyssaýar. Prezident Hasyl toýuny uludan tutmagy tabşyrýar
Milli howpsuzlyk işgärleri pagta meýdanlaryna gözegçilik edýärler