Pagtaçy kärendeçiler bilen hasaplaşyklar geçirilýär, pul nagtlaşdyrmak kynlaşýar

Pagtaçy kärendeçiler bilen hasaplaşyklar geçirilýär, pul nagtlaşdyrmak kynlaşýar

Türkmenistanda pagtaçy kärendeçileriň ýyllyk girdejileri bank hasaplaryna geçirilip başlandy. Zähmet azaby ýerine gowşan daýhanlar bölekleýin tölenýän girdejilerini nagtlaşdyrmakda kynçylyk çekýär. Plan borçnamalarynyň hötdesinden gelip bilmedik kärendeçiler bolsa, döwlete bergili çykýar.

“Bank kartlary arkaly iň köp bolanda her günde 800 manat nagtlaşdyryp bolýar. Ýyllyk girdejilerini nagtlaşdyrmak birnäçe güne çekip bilýär, bankomat gözlemeli, tapmaly. Eger-de çetki obalarda ýaşaýan bolsaňyz, pul nagtlaşdyrmak has-da kynlaşýar” diýip, bir daýhan Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Bu mesele babatynda ýurduň ähli sebitlerinde birmeňzeş meýiller göze ilýär.

Türkmenistanda 2024-nji ýylyň hasylyndan başlap pagtanyň döwlet satyn alyş 3,5 esse ýokarlandy. Döwlet daýhanyň harmana tabşyran pagta hasylyna öňküsinden 350 göterim has köp mukdarda töleg tölemegi wada berdi.

Nah pagtanyň tonnasy 1355-1500 manat aralygynda bolanlygyndan, ýygnalan möwsümine we hiline görä, 4550-5000 manada çykdy.

Ýüpek pagtanyň tonnasy 1820-2000 manat bolanlygyndan, şu ýylyň hasylyndan başlap, 6100-6700 manada çykdy.

Döwlete bäş tonna nah pagta tabşyran kärendeçi daýhan, meselem, öňler 7500 manda çenli ýyllyk girdeji kabul eden bolsa, häzir bu mukdar tas 25 manada çenli ýokarlandy. Bu bahalar daýhanyň çykdajylaryny, mineral dökün, tehnika töleglerini we beýleki harajatlary öz içine almaýar.

25 müň manat pul nagtlaşdyrmakçy bolýan daýhan gündelik 800 manat limit bilen 32 günläp bankomatlara gatnamaly bolýar.

Balkanly daýhanlar ýaňy-ýakynda özleriniň ýyllyk girdejileriniň garaşylan möçberlerden üç esse çemesi az çykandygyny aýtdylar.

Şeýle bolanda hem, döwlete bäş tonna pagta tabşyran daýhan gündelik 800 manat möçberindäki limit bilen 10 günläp bankomatlara gatnamaly bolýar.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary welaýatlarda 100 müň 200 müň manat aralygynda ýyllyk girdejisini kabul edip alýan kärendeçi ýer eýeleriniň hem bardygyny aýdýarlar.

Şeýle girdejilere eýe bolmak üçin, harajatlar hasaba goşulmanda, döwlete 20-40 tonna aralygynda nah pagta ýa-da, 15-30 tonna aralygynda ýüpek pagta tabşyrmaly.

Ýöne şeýle daýhan hojalyklaryň öz üstüne alan şertnamalaýyn borçnamalaryny diňe kagyz ýüzünde dolýan halatlary hem bolýar diýip, Azatlygyň gürrüňdeşleri bu ulgamda öňki ýyllaryň tejribelerinde hem bar bolan “artdyryp ýazmalara” we “korrupsiýa ähtimallyklaryna” ünsi çekýärler.

Azatlyk Radiosy bu maglumatlar boýunça pagta kärhanalaryndan resmi teswir alyp bilmeýär.

Käbir kärendeçiler uly möçberlerdäki pullaryny göni banklara baryp, ähli pullaryny lükgeligine nagtlaşdyryp bilýändiklerini aýdýarlar, ýöne munuň üçin hem töleg talap edilýär.

“Ähli zadyň bahasy bar” diýip, daýhanlar aýdýar.

Ýyllyk girdejileriň banklarda lükgeligine nagtlaşdyrylmagy köplenç daýhan hojalyklara eýe bolan iri telekeçileriň hasaplaşyklarynda göze ilýär.

Bu aralykda, plan borçnamasynyň hötdesinden gelip bilmän, döwlete bergili çykan kärendeçiler özleriniň agyr güne sezewar bolandyklaryny aýdýarlar.

“Şeýle kärendeçiler nägile bolýar, ýöne häkimiýetler plan borçnamalaryňyzy bolmaly ekeniňiz, biz günäkär däl diýip, onsuz hem içleri ýanyp duran kärendeçileriň ýüzüni alyp goýberýärler” diýip, daýhanlar aýdýar.

Türkmenistanda pagtaçy daýhanlar döwlet bilen şertnama esasynda kärende ýerlerinde gowaça ösdürip ýetişdirip, ýygnalan hasyly döwlete satmaga borçlanýar. Şol bir wagtda, döwlet daýhanlary mineral dökünler, oba hojalyk tehnikalary we beýleki zerur serişdeleri bilen ýeňillikli görnüşde üpjün etmäge borçlanýar.

Plan borçnamasyny ýerine ýetirip bilmeýän kärendeçiler ýurduň kanun goraýjy edaralary tarapyndan jogapkärçilige çekilip bilinýär.

Şu ýyl Türkmenistan 10-njy noýabrda Hasyl toýuny toýlady. Döwlet metbugaty bu mynasybetli göreldeli daýhanlaryň hem-de oba hojalyk işgärleriniň sylaglanandygyny habar berdi.

Resmi metbugat Hasyl toýuna gabatlap, ýurduň diňe Balkan welaýatynyň pagta plan borçnamasyny ýerine ýetirendigini habar berdi. Tutuş ýurt boýunça göz öňünde tutulan borçnamanyň hötdesinden gelnip-gelinmändigi aýdylmaýar.

Türkmenistanda ýylda 580 müň gektardan gowrak meýdana gowaça ekilip, soňky ýyllarda üýtgewsiz 1 million 250 müň tonna pagta hasylyny ýygnap almak meýilleşdirilýär.

Ýöne öňki ýyllardan tapawutlylykda döwlet metbugaty sebitlerde pagta plan borçnamasynyň ýerine ýetirilişi barada berýän yzygiderli habarlaryny seýrekleşdirýän ýaly bolup görünýär.

Türkmenistan pagtaçylyk pudagynda mejbury zähmetden peýdalanmakda tankyt edilýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Daşoguzda ýerleşýän türkmen kompaniýasy 439 tonna pomidor eksport etdi
Aşgabatda 4000 orunlyk köpugurly medeni merkez gurlar, Türkmenistanly dalaşgärler giriş synaglaryna taýýarlanýarlar, Türkmenistan BMG Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda möhüm başlangyçlary öňe sürer we beýleki habarlar
Bereket şäherindäki ýod önümçiligi kärhanasy ýodly galamlaryň 50 millionyny öndürdi
Türkiyede inflýasiýa 18 aýyň iň pes derejesine ýetdi
Ekstremist Terror Guramasy 1200-den Gowrak Çagany Hataryna Goşdy
Russiýa Özbegistana tebigy gaz satar