30-njy awgustda Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynda pagta ýygymy başlanýar, 6-njy sentýabrda oňa Daşoguz welatynda girişiler.Hasyl ýygymyny başlanmazyndan ozal pagta ýygyjy tehnikalar, şeýle hem hasyly taýýarlaýyş nokatlaryna daşamak üçin awtomobiller taýýar edildi.
Pagta ýygyjy kombaýnlaryň we Belarusyň tirkegli dört tigirli MTZ traktorlarynyň ýüzlerçesi, ýetişdirilen hasyly daşamaga niýetlenen ýük maşynlarynyň, traktorlaryň we tirkegleriň müňlerçesi taýýar edildi.Galan pagta daşamaga niýetlenen ulaglar awtoulag kärhanalary we hususy ulag eýeleri bilen şertnama esasynda ulanylar.
Pagta ýygymynyň bökdençsiz alnyp barylmagy üçin ýerlerde ulanyýan tehnika gije-gündiz hyzmat etmek guraldy, şeýle hem mehanizatorlaryň we sürüjileriň öndürijilikli zähmet çekmegi hem-de dynç almagy üçin zerur şertler döredildi.
Döwlet tabşyrygy boýunça şu ýyl 1 milion 50 müň tonna ak altyn“ taýaýrlanmaly. Pagta ýygymynyň öňüsyrasynda gowaça ekýän hojalyklarda oba hojalyk işlerini kämilleşdirmek we geljekki çäräniň wajyp meselelerini çözmek boýunça okuwlar geçirildi. Pagta kabul ediji kärhanalardyr taýýarlaýyş punktlary, şeýle hem hyzmat edýän tehnikalar şu ýylky pagta ýygymy möwsümine taýýar edildi.
Ýurdumyzda pagta ýetişdirmek işini Oba we suw hojalyk ministrligi düzgünleşdirýär, onuň bölümleri bolsa, hersi öz ugry boýunça oba hojalyk önümlerini öndürijileriň pagta ýygyjy tehnikalar, kärendeçileriň bolsa, tohumlardyr mineral dökünler, ýygnalan hasyly daşamagy üpjün etmek, ekinleri suwarmak we gowaça artyk suw berilmezligi meselelerine gözegçilik edýärler. Çig mal ýurtdaky pagta arassalaýjy kärhanalaryň 38-sine, pagta egriji kärhanalara we dokma toplumlaryna, şeýle hem ýag çykarýan zawodlara eltilýär.
Oba we suw hojalyk ministrliginiň önümçilik bölüminde habar berlişine görä, pagta görnüşine laýyklykda has naýbaşy, naýbaşy, ýene birnäçe toparlara bölünýär, pes derejeli pagta tehniki dereje berilýär.Diňe 10-njy oktýabra çenli tabşyrylan pagta ýokary derejeli, ondan soňkylar tehniki görnüşli hasaplanylýar. Şonuň üçinem pagtaçylar hasyly çalt ýygyp, garyndysyz naýbaşy inçe süýümli pagta ýetişdirip, gowy girdeji almaga çalyşýarlar.
Gowaça meýdanlary hasyllygyna we kesellere durnuklylygyn görä sebitlere bölünip ekilýär.
Ýurdumyzyň dürli toprak-howa şertleri sebitleriň hersinde we Türkmenistanyň oba hojalyk-suwaryş zolaklarynda oba hojalyk ekinlerini ýetişdirmegiň asyrlarboýy kemala gelen ýöregelri bilen baglanşyklydyr.Indi ekerançylyk ýüz ýyldan gowrak wagt bäri alnyp barylýan öňden suwarymly ýerler bar.
Olar, köplenç idegli, özleşdirilen, oba hojalygyna uýgunlaşan, şeýle hem melioratiw ýagdaýy has gowy ýerler.Olar Amyderýa we Murgap jülgeleridir.Birnäçe onýyllyklardan bäri özleşdirilýän suwlylandyrylýan ýerlerde gowulaşma ýagdaýy henizem dowam edýär, Altyn asyr“ Türkmen kölüniň töweregindäki ýerler indi suwarylyp özleşdirilýär.
Mary we Ahal welaýatlary inçe süýümli gowaça ekmäge ýörüteleşendir.
Ekiniň tohum arassalygyna uly üns berilýär, her welaýatda hojalyklaryň 7-8-si tohumçylyk we seçgi işini alyp barýar. Ýurduň oba hojalyk pudagynyň ýanyndaky oba hojalyk YBI-yň synag meýdanlarynda gowaçanyň täze görnüşlerini çaknyşdyrmak we döretmek boýunça ylmy-önümçilik işleri alnyp barylýar. Her sebitde ýerli toprak-howa şertlerinde has gowy netije berýän gowaçanyň sebitleşdirlen görnüşleri ekilýär.