Pagta möwsümi: Mejbury zähmet dowam edýär, döwlet awtobuslary ýygymçy daşaýar

Pagta möwsümi: Mejbury zähmet dowam edýär, döwlet awtobuslary ýygymçy daşaýar

Ýurduň dürli sebitlerinde raýatlaryň pagta ýygymyna mejbury çekilmegi bilen bagly dowam edýän aladalaryň arasynda, Lebap welaýatynyň administratiw merkezinde döwlet awtobuslary köpçülikleýin pagta ýygymçylaryny daşamaga çekilýär. Munuň bilen baglylykda, şäher ýaşaýjylary ýatyrylan awtobus gatnawlarynyň dikeldilmegini sorap, ýerli häkimiýetlere ýüz tutdular.

Soňky wagtlarda köçelerden ýitirim bolan döwlet awtobuslarynyň ählisi pagta ýygymyna ugradylypdyr diýip, türkmenabatly ýaşaýjylar aýdýar.

Bu aralykda, mejbury ýygym möwsümi dowam edýär. Turkmen.news neşiri ýygym mejburylyklarynyň soňky tapgyrynyň çäklerinde, Daşoguz welaýatynda medeniýet işgärleriniň mejbury pagta ýygymyna iberilýändiklerini habar berýär.

Neşiriň çeşmelerine görä, demirgazyk sebitde teatrlaryň hem-de medeniýet öýleriniň işgärleri Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň gowaça meýdanlaryna üç hepde möhlet bilen ýatymlyk pagta ýygmaga ugradylýarlar.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary hem mundan ozal ýurduň Lebap, Mary we Balkan welaýatlarynda dowam edýän pagta mejburylyklary barada habar berdiler.

“Pagta ýygym möwsümi başlamazdan ozal, hiç bolmanda her 1-1,5 sagatdan bir sany döwlet awtobusy duralgalara gelerdi. Indi biri-de galmandyr” diýip, bir türkmenabatly ýaşaýjy dowam edýän pagta möwsüminiň arasynda şäherdäki ýolagçy awtobuslarynyň köpçülikleýin pagta möwsümine mobilizlenmegine ünsi çekdi.

Mundan ozal, Azatlyk Radiosynyň transport pudagyndaky çeşmeleri “Lebapawtoulag” önümçilik birleşiginiň awtoparkyna 120 çemesi täze ýolagçy awtobuslarynyň gelip gowuşandygyny, ýöne olaryň Türkmenabat şäheriniň 15-nji awtoparkynda ulanylman saklanylýandygyny aprel aýynda habar berdiler.

Bu habarlaryň yz ýany, şäher ýaşaýjylary gündogar welaýatyň sebit merkezindäki awtobus problemalaryna ýygy-ýygydan ünsi çekip başladylar.

Pagta ýygym möwsüminde şäheriň esasy köçeleriniň birinde, S. Nyýazow köçesinde döwlet awtobuslarynyň tas doly diýen ýaly ýitirim bolmagy, şäher ýaşaýjylarynyň gündelik durmuşyna oňaýsyz täsir etdi.

“Çagamyň mekdebi öýden daşda ýerleşýär. Balam gün dogmanka ýola düşýär we birnäçe sagatlap awtobuslaryň gelmegine garaşýar. Emma pagta möwsümi başlanaly bäri, olar hem ýok” diýip, türkmenabatly ýaşaýjy aýdýar.

Ikinji derejeli maýyplygy bolan beýleki bir şäher ýaşaýjysy hem Azatlyk bilen gürrüňdeşlikde awtobuslaryň köçelerden gaýyp bolmagyna nägilelik bildirdi.

Bu aralykda, sebit ýaşaýjylarynyň ençemesi Azatlyk Radiosynyň üsti bilen Lebap welaýatynyň häkimligine ýüzlenip, pagta möwsüminiň fonunda şäheriň köçelerindäki awtobuslaryň hereketiniň bes edilmegine garşylyk bildirdiler we bu ýagdaýa çözgüt talap etdiler.

Türkmenistanda güýz aýlarynda alnyp barylýan pagta möwsüminde ýolagçy awtobuslary ýygymçylary gowaça meýdanlaryna daşamaga çekilýär. Türkmen hökümeti öz raýatlaryny, hususan-da býujet işgärlerini pagta ýygymyna mejbury çekmekde tankyt edilýär.

Dowam edýän ýygym möwsüminiň başlarynda, hökümetçi türkmen neşirleri Türkmenistanda 18 ýaşyna ýetmedik adamlaryň pagta ýygymyna çekilmegini gadagan edýän buýrugyň güýje girendigini habar berdiler.

Bu buýruga laýyklykda, türkmen kanunçylygynda zyýanly we howply işler hökmünde ykrar edilen işleriň sanawyna “pagta ýygymçy” we “pagtaçy” diýen iki sany täze iş goşulypdyr.

Muňa garamazdan, Azatlyk Radiosynyň habarçylary sentýabryň başlarynda mekdep okuwçylarynyň heniz hem pagta ýygymyna mejbury çekilýändiklerini habar berdiler.

Biraz soňra, habarçylarymyz Balkan welaýatynda esgerleriň pagta ýygymyna mejbury çekilip, olaryň gullukdan gaçmagy bilen bagly wakalar barada, Mary, Lebap we Balkan welaýatlarynda döwlet edaralarynyň öz işgärlerini pagta ýygymyna ugratmagy barada, şeýle-de milli howpsuzlyk işgärleriniň gowaça meýdanlaryna hut özleriniň gözegçilik etmegi barada habar berdiler.

Şol bir wagtda, ýurduň dürli sebitlerinde býujet işgärlerinden pagta möwsümine niýetlenip, pul serişdeleriniň zor bilen toplanylyp alynmagy hem dowam etdirildi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýäniň Söwda Ministrini Kabul Etdi
Dünýäniň iň uly öküzi
Nike bäsdeşlerini ogurlykda aýyplady
Gury üsgülewigiň tebigy bejergisi…
Neda BERGER: Söýýän seni Türkmenistan
Arkadag şäherinde V Wena baly we türkmen-awstriýa simfoniki orkestriniň konserti geçirildi