
11-nji noýabrda geçen maslahatda premýer-ministriň obasenagaty toplumy boýunça orunbasary Esenmyrat Orazgeldiýew 1 milýon 200 müň tonna pagta meýilnamanyň ýerine ýetirilendigini prezident Berdimuhamedowa hasabat berdi.
TDH döwlet habarlar gullugynyň habaryna görä, prezident tapawutlanan pagtaçylara döwlet sylaglaryny gowşurmagy tabşyrdy.
Sylaglary gowşurmak dabarasyny, şeýlede Hasyl toýuny “Mekan” köşgünde gurnamaga taýýarlyk görmek we olary geçirmek Mejlisiň başlygy Gülşat Mämmedowa, wise-premýer Orazgeldiýewe we Daýhanlar partiýasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy Bäşim Annagurbanowa tabşyryldy.
TDH-niň ýazmagyna laýyklykda, her welaýatdan içi ak pagtadan doly horjuny prezidente getiren çagalar paýtagta geldiler we olar goşgy okadylar.
Berdimuhamedow olara sowgatlar berdi we bilelikde ýadygärlik suratyny çekdirdi.
1-nji noýabrda sebitleriň ýolbaşçylary bilen geçirilen maslahatda prezident pagta hasylynyň ýygnalyşyndan närzadygyny beýan edip, welaýatlaryň käbir etraplarynda hasyl ýygnalyşynyň depgininiň örän pesdigini tekrarlapdy.
Ol şu ýyl pagta meýilnamany garaşsyzlygyň 30 ýyllygy bellenýän 27-nji sentiýabrda ýerine ýetirmegi tabşyrypdy.
2020-nji ýylda bu planyň 5-nji sentiýabrda, 2019-njy ýylda bolsa, 8-nji noýabrda berjaý edilendigi barada hasabat berilipdi.
Hatda, Berdimuhamedow 20-nji sentiýabrdaky çykyşynda garaşsyzlygyň 30 ýyllygynda döwlet baýraklaryna mynasyp bolan welaýat, etrap ýolbaşçylarynyň sylaglaryny pagta planlaryny dolansoň gowşurmagy tabşyrypdy.
Belläp geçsek, 12-nji sentiýabrda açylan Türki Geňeşiniň 8-nji sammitine gatnaşmak üçin prezident Berdimuhamedow Stambula bardy. Türkmenistan bu sammite synçy agza durumy bilen ilkinji gezek gatnaşýar.
Anna güni ir bilen sammitiň Stambulyň eteklerinde deňiziň ortasynda ýerleşýän Demokratiýa we Azatlyklar adasynda başlamagynyň öň ýanynda Türkiýäniň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň. Türkmenistanyň prezidentleri Türki Geňeşiniň baş sekretarlygynyň täze binasyny açyp, lenta kesdiler.
Sammitden soňrä Türki döwletleriň liderleriniň bilelikde metbugat ýygnagyny geçirjekdigi habar berilýär. The post Pagta meýilnamanyň ýerine ýetirilendigi barasynda prezident Berdimumahedowa hasabat berildi first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.