Pagani elektroulaga geçmekden boýun gaçyrdy

Pagani elektroulaga geçmekden boýun gaçyrdy

Pagani kompaniýasynyň ýolbaşçysy Gorasio Pagani öz şereketiniň superkarlarynyň benzinli V12-leri saklajakdygyny, bu golaýda elektro hereketlendijilere geçmegi meýilleşdirmeýändigini mälim etdi. Onuň Autocar-a beren gürrüňinde aýdyşy ýaly, elektromobiliň geljegini ol 2018-nji ýyldan bäri barlag edýär we häzirlikçe onuň netijesine kanagatlanarly diýip bolmaz.

Şereketiň pikirine görä, elektriki giperkarlaryň esasy meselesi - batareýalarynyň agramy. Ýeterlik mukdardaky ýöreýiş ätiýaçlygy bilen üpjün etmek üçin olara agramy 600 kg töweregi bolan akkumulýatorlar gerek bolýar, bu bolsa Pagani Huayra R-nyň (1070 kilogramm) özüniň ýarpy agramyndan hem kändir.

Ondan hem başga, Gorasio Paganiniň sözlerine görä, eletromotorlar häzir täsin galdyrýan ösüşi üpjün etmäge ukyply, ýöne bu mynasyp giperkardan talap edilýän ýeke-täk zat däldir.Pagani dolandyrylyşyna we sürüjiniň duýgusyna üns berýär.

Kompaniýanyň hasaplamalaryna görä, elektrosuperkaryň agramy 1300 kilogrammdan geçmese, uzaga giderdi, ýöne häzirlikçe bu tehniki taýdan bolmajak zat. Şonuň üçin kompaniýa benzinli V12-leri kämilleşdirmegini dowam eder.Daş-töwerege ýetýän täsir barada aýdylanda bolsa, Gorasio Pagani kompaniýanyň önümçilik göwrüminiň çynlakaý garardan juda ujypsyzdygyny aýdýar.

Ýene degişli makalalar

Duşenbe şäherinde Counter-Strike we GTA wideooýunlary gadagan edildi
Xiaomi ulag öndürijileriň arasynda öňdebaryjy bolmagy meýilleşdirýär
Apple awtoulag döretmek üçin Lamborghini-niň öňdebaryjy menejerini hakyna tutdy
Täze Ford Mustang meýilleşdirileninden ýarym ýyl öň tanyşdyrylar
Lamborghini-niň esaslandyryjysy Awtoulag şöhrat zalyna girizildi
Opel Insignia ýylyň ahyryna çenli önümçilikden aýrylar