Pälwanlar Wengriýada Rekord Goýdy

Pälwanlar Wengriýada Rekord Goýdy

Türk göreşçileri Wengriýada geçirlen Ýewropa Göreş çempionadynda taryhy üstünlük gazandy.

Türkiye bir hepde dowam eden çempionatda 7-si altyn, 3-i kümüş we 7-si bürünç bolmak bilen jemi 17 medal aldy.

Şeýlelikde Ýewropa çempionadynda iň köp altyn we medal alan milli pälwanlar, Wengriýada rekord goýdy.

Wengriýada Taha Akgül, Ryza Kaýaalyp, Ýasemin Adar Ýigit, Feýzullah Aktürk, Ewin Demirhan Ýazuw, Kerem Kamal we Murat Fyrat final bäsleşiginde uly üstünlük gazandy.

Milli göreşçilerden Ryza Kaýaalyp 11, Taha Akgül 9, Ýasemin Adar Ýigit bolsa 5-nji gezek Ýewropanyň çempiony boldy.

Budapeştde Süleýman Atly, Buse Tosun Çawuşoglu we Ýnus Emre Başar kümüş, Münir Rejep Aktaş, Muhammed Akdeniz, Osman Göçen, Bediha Gün, Ahmet Uýar, Emre Mutlu we Burhan Akbudak bolsa bürünç medalyň eýesi boldy.

Türkiye zenanlarda taryhynda ilkinji gezek Ýewropanyň çempiony boldy. Ukraina ikinji, Bolgariýa üçünji orny eýeledi.

Erkin göreş boýunça Azerbaýjan birinji, Türkiye ikinji, Gruziýa üçünji orny eýeledi.

Ýene degişli makalalar

Türkiýe, Ýewropa Göreş Çempionadyny 8 Medal Bilen Tamamlady
Estoniýanyň Prezidenti täze hökümet gurmagy tabşyrdy
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türkiýäniň milli pälwany Ryza Kaýaalp Ýewropanyň çempiony boldy
Dünýä habarlary gysga setirlerde
AFK-nyň Çempionlar ligasy ― 2021-iň bije çekilişigi üçin sebetler düzüldi