2024-nji ýylyň awgust aýynyň 16-na Özbegistanyň Çeperçilik akademiýasynda Gündogaryň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli, Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy atly ýaş türkmen suratkeşleriniň toparlaýyn sergisi açyldy.
Onda Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzalary Zakirjan Babaýewiň, Rustam Abdullaýewiň, Allaberdi Öwezdurdyýewiň, Röwşen Çopanowyň, Gahryman Goçmyradowyň, Baýram Bazarowyň, Wepa Gurdowyň, Rahman Rahmanowyň, Polat Garryýewiň, Amanmuhammet Aşyrgeldiýewiň, Toýly Çopanowyň, Mälikguly Goçmyradowyň, Maksat Hudaýberdiýewiň, Aýbibi Amangylyjowanyň 30-dan gowrak nakgaşlyk eserleri, şeýle-de zehinli ýaş foto suratçy Hoşgeldi Garajaýewiň surata düşürmeginde Aşgabadyň gözel künjeginde bina edilen beýikligi 60 metre barabar Magtymguly Pyragynyň heýkeliniň fotosuratlary görkezilýär.
Bu döredijilik sergisi dostlukly ýurtlaryň arasynda köptaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge we berkitmäge gönükdirilendir. Serginiň maksady beýik akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň şygryýet älemini şekillendiriş sungatynda wasp etmek, türkmen şekillendiriş sungatynyň ösüşini we gazanan üstünliklerini görkezmek, tomaşaçylary türkmen suratkeşleriň ajaýyp eserleri bilen tanyşdyrmak we ikitaraplaýyn tejribe alyşmakdan ybaratdyr.