Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy bäsleşiginiň ýeňijileri sylaglandy

Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy bäsleşiginiň ýeňijileri sylaglandy

25-nji iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow degişli Karara gol çekdi.Resminama laýyklykda, Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk şanly baýramyny has-da dabaralandyrmak, nusgawy şahyryň baý edebi mirasyny giňden wagyz etmek, öwrenmek we dünýä ýaýmak boýunça alnyp barylýan işleri wasp etmekde, Magtymguly Pyragynyň watansöýüjiligi, agzybirligi, ynsanperwerligi, dost-doganlygy ündeýän pähim-paýhasly goşgularyndan ylhamlanyp, kämil edebiýat we sungat eserlerini döretmekde görkezen aýratyn hyzmatlary nazara alnyp, şeýle hem medeni-köpçülikleýin çärelerde, baýramçylyk dabaralarynda üstünlikli çykyş edendikleri, türkmen medeniýetini, sungatyny, edebiýatyny ösdürmäge goşant goşandyklary üçin, ýurduň döredijilik bilen meşgullanýan şu ýaşlary Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy atly bäsleşigiň ýeňijileri diýlip yglan edildi hem-de olaryň her biri Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we pul baýragy bilen sylaglandy:

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Halkara habarlar merkeziniň baş redaktory Tahyr Begençowiç Hojaýew;

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Altyn asyr: Türkmenistan teleradioýaýlymynyň Watan radioýaýlymynyň ylham bölüminiň gepleşikleri gurnaýjy we taýýarlaýjysy Dürli Sazakowna Küräýewa;

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Türkmen owazy teleradioýaýlymynyň çagalar we ýetginjekler bölüminiň müdiri Ýakupguly Ylýasgulyýewiç Sähetmyradow;

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Sport teleýaýlymynyň habarlar bölüminiň jogapkär kätibi Annadurdy Serdarowiç Täşliýew;

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Oguz han adyndaky Türkmenfilm birleşiginiň filmiň edebi esasyny düzýän bölüminiň esasy hünärmeni Rahymberdi Annagulyýewiç Annagulyýew;

Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň Metbugat merkeziniň çapdan öňinçä işleri ýerine ýetirýän sehiniň operatory Gurbanaly Öwezmerdanowiç Saparow;

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň 47837 harby bölüminiň çagyryş boýunça harby gullukçysy Toýly Muhammetdurdyýew;

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň işgärler bölüminiň uly gözegçisi Şirin Bäşimowna Hojalekowa;

Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş akademiki drama teatrynyň 1-nji derejeli drama artisti Artyk Çaryýarowiç Artykow;

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Nury Kadyrmyradowiç Sakçyýew;

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň himiýa tehnologiýasy we ekologiýa fakultetiniň 2-nji ýyl talyby Dawud Döwranowiç Döwranow;

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň rus dili we edebiýaty fakultetiniň mugallymy Maksat Kurbandurdyýewiç Bugraýew;

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara žurnalistikasy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Gurbansähet Rustemowiç Gurbansähedow;

Türkmen döwlet maliýe institutynyň daşary ýurt dilleri kafedrasynyň mugallym-öwrenijisi Aýnabat Nurgylyjowna Myradowa;

Türkmen döwlet medeniýet institutynyň teatr sungaty fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Güljahan Annadurdyýewna Eýeberdiýewa;

Türkmen döwlet medeniýet institutynyň teatr sungaty fakultetiniň 2-nji ýyl talyby Nursoltan Nazmuhammedowna Derýaýewa;

Türkmen döwlet medeniýet institutynyň teatr sungaty fakultetiniň 1-nji ýyl talyby Balkan Kakageldiýewiç Babaýew;

Türkmen döwlet medeniýet institutynyň medeni miras fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Tawus Maksadowna Şamyradowa;

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň binagärlik we dizaýn fakultetiniň 5-nji ýyl talyby Aýhan Azat ogly Kulyýew;

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň binagärlik we dizaýn fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Guwanç Bäşimowiç Muhtarow;

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň şekillendiriş sungaty fakultetiniň 5-nji ýyl talyby Durdymuhammet Amangeldiýewiç Pirowow;

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň şekillendiriş sungaty fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Annasoltan Hoja gyzy Hojaýewa;

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň şekillendiriş sungaty fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Pawel Anatolýewiç Anahowski;

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň amaly-haşam sungaty fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Jelaletdin Döwletmyradowiç Bekgiýew;

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň halk sazy fakultetiniň 5-nji ýyl talyby Jumageldi Baýmuhammet ogly Alyýew;

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň kompozisiýa, saz öwreniş we fortepiano fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Nurmuhammet Azadowiç Jomartow;

Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň Garaýap geňeşliginiň Garaýap oba medeniýet öýüniň akkompaniatory Şamyrat Kakamyradowiç Artykow;

Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy Didar Tirkeşewiç Kowusow.

26-njy iýunda Aşgabatda, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlaryň arasynda yglan edilen Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy atly bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy.

Dabaranyň ahyrynda ýurduň sungat ussatlarynyň konserti hem boldy.

Ýene degişli makalalar

25.09.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Ene mähri diýen ada mynasyp bolan zenanlaryň sanawy paýlaşyldy
Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli köp sanly watandaşlaryna döwlet sylaglaryny berdi
Germaniýanyň Aşgabatdaky ilçihanasy wizalary bermek üçin arzalaryň kabul edişligini gaýtadan ýola goýdy, Türkmenfilm Daşkent halkara kinofestiwalyna gatnaşar, iPhone 14 görnüşleri bilen tanyşlyk
Daşkent halkara kinofestiwalynda türkmen kinolary görkeziler
Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY