Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Kerim Gurbannepesow adyndaky kitaphana şahamçasynyň 90-njy orta mekdepde “Pähim-paýhas ummany, Arkadagyň kitaplary ” ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede Gahryman Arkadagymyzyň milli edebiýatymyzy ösdürmekde halkymyza görüm-görelde bolýandygyny we türkmen ylmyny, edebiýatyny ösdürmäge uly goşant goşan alymlarymyza, ýazyjy-şahyrlarymyza belent sarpa, hormat goýulýandygyny, halkymyzyň gadymy buýsançly taryhyny, tebigatyny, ösümlik dünýäsini, ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn ösüşlerini, türkmen däp-dessurlaryny, edim- gylymlaryny, milli buýsançlarymyzy dünýä ýaýmakda ägirt uly işleri öz ýiti zehininden çykan ajaýyp eserleriniň üsti bilen giňişleýin beýan edýändigi we ol kitaplaryň dürli dillerde neşir edilýändigi barada täsirli gürrüň berdiler.
Okyjylaryň ýerine ýetirmeginde birnäçe goşgular ýerine ýetirildi we rowaýatlardan çeper okaýyşlar okaldy.Bu bolsa çärä gatnaşanlarda ýakymly täsir galdyrdy.