
Nusgawy suratkeş Pablo Pikassonyň iň hyrydarly nakgaşlyk eserleriniň biri Nýu-Ýork şäherinde satuwa çykarylar. Nakgaşyň Sagatly zenan atly eseri iň jedelli eseri hasaplanýar, hünärmenler onuň 120 million dollar bahadan satyljakdygyny çaklaýarlar.
1932-nji ýylda döredilen portret eseri kendiriň ýüzünde ýagly reňk bilen çekilendir, onda suratkeşiň söýgüli zenany Mari-Terez Walter şekillendirilipdir.
Sotheby's söwda-satyg öýüniň güýzki söwdalaşyklarynda şeýle hem XIX we XX asyrlaryň suratkeşleriniň hem-de häzirki zaman nakgaşlarynyň eserleri satuwa çykarylar diýip, Habar 24 ýazýar.