
Meşhur ispan suratkeşi, kubizmi esaslandyryjy Pablo Pikassonyň 11 eseri Las Wegasda geçirilen auksionda 110 million dollara satyldy. Bu auksion “Sotheby” auksion öýi hem-de Amerikanyň MGM Resorts kompaniýasy bilen bilelikde guraldy.
Onda iň gymmatly eser 1938-nji ýylda çekilen “Gyzyl-mämişi beretli aýal” suraty boldy. Suratkeşiň muzasyny we onuň söýen Mariýa-Tereza Walterini şekillendirýän surat 40,5 million dollara satyldy. Auksionda jemi 9 sany surat we keramika eseri görkezildi. Suratkeşiň bu eserleri secretmag.ru saýtynyň bellemegine görä, Bellagio myhmanhanasyndaky Pikasso restoranynda 20 ýyldan gowrak wagt bäri sergide hödürlenýärdi.