Ozon gatlagy gaýtadan dikeldiler

Ozon gatlagyna zeper ýetirýän maddalary çäklendirmek boýunça halkara çäreleri kem-kemden onuň dikelmegine getirip, ýakyn 40 ýylda Antarktidany goşmak bilen dünýäniň ähli sebitlerinde 1980-nji ýylyň derejesine gaýdyp geler. BMG-niň daşky gurşaw maksatnamasy (UNEP) bu barada öz web sahypasynda habar berdi.

“Ozon gatlagy dört onýyllygyň içinde dikeldiler we ozony ýok edýän himiki maddalaryň global dolanyşygynyň tapgyrlaýyn aradan aýrylmagy howanyň üýtgemegini azaltmak boýunça tagallalara häzirden peýda getirýär.Häzirki syýasat dowam etdirilse, ozon gatlagynyň 1980-nji ýyldaky derejesine (ozon deşigi peýda bolmazdan ozal) ýetmegine garaşylyp, takmynan 2066-njy ýylda Antarktida, 2045-nji ýyla çenli Arktikada we 2040-njy ýyla çenli dünýäniň beýleki ýerlerinde ozon gatlagy öňki kaddyna geler.

Antarktidadaky ozon deşiginiň ululygyndaky üýtgemeler, esasan hem 2019-njy ýyldan 2021-nji ýyla çenli meteorologiýa ýagdaýlary bilen şertlendirildi. Şeýle-de bolsa, 2000-nji ýyldan bäri Antarktidadaky ozon deşigi meýdany we çuňlugy babatda kem-kemden gowulaşýar” diýlip, beýanatda bellenilýär.

Şeýle netijeler, BMG-niň goldawy bilen taýýarlanan we her dört ýylda bir gezek neşir edilýän Ozon gatlagyna zeper ýetirýän maddalar boýunça Monreal teswirnamasynyň ylmy baha beriş baradaky toparynyň hasabatynda tassyklanýar. Şeýle hem hasabatda ozony dargadýan gadagan edilen maddalaryň 99%-iniň ýok edilmegi ozon gatlagyny abat saklamaga kömek edendigini, munuň bolsa, ýokarky stratosferanyň ep-esli dikelmegine we günüň zyýanly ultramelewşe şöhlelerine adama ýetirýän täsiriniň azalmagyna sebäp bolandygyny tassyklaýar.

Alymlar teswirnamanyň klimata eýýäm oňyn täsirini ýetirendigini tassykladylar.Monreal teswirnamasyna Kigali düzetmesi diýlip atlandyrylýan 2016-njy ýyldaky goşundysy käbir gidroftoruglerodlaryň (HFC) öndürilmegini we sarp edilmegini tapgyrlaýyn azaltmagy talap edýär.

Gidroftoruglerodlar gönüden-göni ozony ýok etmeýär, ýöne howanyň üýtgemegine täsirini ýetirýän güýçli gazlardyr.

Ylmy baha beriş topary, stratosfera aerozol inžeksiýasy diýlip bilinýän aerozollaryň stratosfera göre-bile goşulmagyndan ozona bolup biljek täsirini hem gözden geçirdi.Stratosfera aerozol inžeksiýasy gün şöhlesiniň yzyna serpikmegini ýokarlandyrmagyň hasabyna howanyň ýylylygyny azaltmagyň potensial usuly hökmünde teklip edildi. Şeýle-de bolsa, bilermenler topary stratosfera aerozol inžeksiýasynyň garaşylmadyk täsirleriniň “ozonyň stratosfera temperaturasyna, ýaýramagyna, önümçilik depginine we ýok edilmegine täsir edip biljekdigini” duýdurýar.

Monreal teswirnamasy Ýeriň ozon gatlagyna zeper ýetirýän himiki maddalary ýok etmek arkaly goramak baradaky halkara şertnamadyr.Ol 1989-njy ýylda güýje girip, dünýäniň iň üstünlikli daşky gurşaw şertnamalarynyň biridir.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Berkarar döwletimiziň innowasion ösüşleri
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Ozon dargadyjy maddalaryň ( ODM) we gidroftoruglerodlaryň (GFU) bikanun söwdasynyň öňüni almak boýunça ýörite okuw sapagy
Ozon gatlagynyň goragynda
Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahaty